«Google» maglumat merkezleriniň täze görnüşli «arassa» energiýa bilen üpjünçiligini ýola goýmagy kompaniýanyň iş meýilnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berip başlady. Hut şu nukdaýnazardan-da, «Google» kompaniýasy Illinoýs ştatynyň golaýynda gurlup başlan täze gaz elektrik beketi — «Broadwing Energy Center» bilen elektrik energiýasyny satyn almak boýunça korporatiw şertnamasyny baglaşdy. Kuwwaty 400 megawatt bolan bu desgada kömürturşy gazyny (CO₂) tutmak we saklamak boýunça ulgam ornaşdyrylar, bu ulgam zyňyndylary takmynan 90 göterim azaldyp biler.
Elektrik beketi sebitdäki «Google» kompaniýasynyň maglumat merkezlerini arassa energiýa bilen üpjün eder. Alynýan elektrik energiýasynyň we bugyň bir bölegi ýakynlykda ýerleşýän «Archer Daniels Midland» kärhanasyna hem ugradylar.
Taslama «Low Carbon Infrastructure» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýar. Elektrik beketiniň we kömürturşy gazyny (CO₂) tutmak hem saklamak boýunça ulgamynyň işe girizilmegi 2030-njy ýylyň başyna meýilleşdirilýär. Ýakyn ýerde eýýäm ýylsaýyn millionlarça tonna CO₂ saklanýan «Archer Daniels Midland» kärhanasynyň uglerod ammary hereket edýär.
«Broadwing Energy Center» ABŞ-da kömürturşy gazyny tutmak we saklamak boýunça doly işleýän ulgama eýe bolan ilkinji täjirçilik gaz desgasy bolar.




