Google, Android platformasyndaky Chrome ykjam brauzeri üçin täze bir aýratynlyk — «Bu sahypany diňlemek» hödürlendi. Bu aýratynlyk ulanyjylara içerki ses sintezatory tarapyndan okalýan web sahypasyndaky teksti diňlemäge mümkinçilik berýär. Täze aýratynlyk baradaky maglumatlar The Verge web sahypasynda peýda boldy.
Bu aýratynlyk, pauza, okamagyň tizligini üýtgetmek, çalt öňe sürmek ýa-da 10 sekunt yza gaýtarmak ýaly dolandyryşlaryny goşýar. Ulanyjylar ses hereketiniň görnüşlerini we dilini hem saýlap bilerler. Goldaw berilýän dilleriň sanawyna häzirki wagtda iňlis, fransuz, nemes, arap, hindi we ispan dilleri girýär.
“Bu sahypany diňlemek” aýratynlygy programmanyň esasy menýusynda, “Terjime” bölüminde elýeterli bolar. Bu täzelenme, görüjiligi pes bolan ulanyjylar ýa-da mazmuny okamagy makul bilýänler üçin brauzeriň ulanylyşyny ýokarlandyrmalydyr.
The Verge, şuňa meňzeş wariantyň iPhone-daky Siri brauzerinde uzak wagt bäri bardygyny belläp geçdi.
Ozal “Apple”-iň ýakyn wagtda “iPhone”-yň dizaýnyny düýpgöter täzelejekdigi ýüze çykdy.
Döwlet HALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby