«Google DeepMind» kompaniýasynyň inženerleri stolüsti tennisini oýnamaga ukyply we höwesjeňleri ýeňip bilýän emeli aň robotyny işläp düzdüler. Bu barada «gismeteo.ru» neşiri habar berdi.
Taslamanyň esasy hökmünde, raketka we stoluň üstündäki topy yzarlaýan ýokary tizlikli kameralar bilen enjamlaşdyrylan ABB IRB 1100 manipulýatory çykyş edýär. Şeýle hem ulgam garşydaşyň hereketlerini öňünden seljermek tehnologiýasyny öz içine alýar.
Emeli aň roboty oýny seljermek arkaly öz strategiýasyny yzygiderli uýgunlaşdyrýar. Ulgam iki režimde işleýär: esasy – ýönekeý hereketleri öwrenýär we ýokary – emeli aň modelleri oýnuň usullaryny öwrenýärler. Robot hakyky topuň 17,5 müň traýektoriýasynda tälim aldy.
Synag oýunlarynda, robot 29 oýundan 13-sinde ýeňiş gazandy. Robot tennis oýnamaga täze başlan adamlaryň ählisini utan hem bolsa, ökde oýunçylardan asgyn geldi. Orta derejeli ussatlygy bolan tennisçileriň bolsa, 55 göterimini utmagy başardy. Robotyň ähli bäsdeşleri robot bilen tennis oýnamagyň örän gyzyklydygyny belleýärler. Ussat tennisçiler bu robotyň türgenleşikler üçin peýdaly bolup biljekdigini aýtdylar. Robotyň tennis oýnadygyça ökdeleşendigi bellenilýär. Üstünliklerine garamazdan, ulgam ökde tennisçiler bilen bäsleşmäge entek taýyn däldir, sebäbi robot has çalt hereketlere jogap bermäge ýetişmeýär. Şeýle-de bolsa, hünämenler robotyň has kyn zarbalary ýeňip geçmek we ökde oýunçylara garşy çykyş etmek üçin kämilleşdirilip bilinjekdigini nygtaýarlar. Mundan başga-da, tehnologiýa çalt jogaby we uýgunlaşmagy talap edýän beýleki robot meselelerinde hem ulanylyp bilner.
Taslama goldaw beren professional tennis türgeni Barni J. Rid robotyň dürli ussatlyk derejesi bolan adamlar bilen tennis oýnaýandygyny görmegiň örän ajaýypdygyny aýdyp, ilkibaşda robotyň orta derejede tennisçi bolmagyna garaşandyklaryny aýdýar. Onuň sözlerine görä, robot inženerleriň bu tamasyny garaşylmadyk ýagdaýda ödäpdir. Rid robotyň garaşyşyndan ýokary netije görkezendigini aýdýar.