Emeli intellekt (EI) peýdalanyp döredilen mahabat wideolary soňky ýyllarda giňden ulanylýar. Bu tehnologiýa, sosial media we teleýaýlymlarda has köp peýda bolýar. Google, bu ýörelgäni ilkinji bolup öz hyzmatlaryny tanatmak üçin peýdalanyp, emeli aň arkaly döreden ilkinji mahabatyny müşderilerine görkezdi. Wall Street Journal neşiriniň habar bermegine görä, Google bu maksadyny amala aşyranda OpenAI Sora we Google Veo 3 ýaly güýçli modelleri ulanýar.
Wideonyň esasy gahrymany ýumşak görnüşli hindi towugy boldy. Ol Google gözleg ulgamyny açyp, EA režimini işjeňleşdirýär we fermadan gaçyp, Minnetdarlyk gününiň bellenmeýän ýerine gitmek isleýär – çünki ABŞ-da bu baýramçylykda, adatça, hindi towugy bişirilýär. Wideo telewideniýede, kinoteatrlarda, sosial ulgamlarda we dürli internet platformalarynda görkezilip başlandy. Geljekde kompaniýa Roždestwo üçin ýene bir wideo çykarmagy meýilleşdirýär.
Veo 3 wideo generatory eýýäm Ritual, Coign we Kalshi ýaly beýleki kompaniýalar tarapyndan ulanyldy. Google Creative Lab-yň marketing bölüminiň ýolbaşçysy Robert Won wideoda EA-nyň ulanylandygynyň ýörite bellenmändigini aýtdy. Maksat möwsümleýin nostalgiýa atmosferasyny döredip, tomaşaçylaryň çagalykda gören gepleşikleriniň ýa-da multfilmleriniň baýramçylyk sanlaryny ýatlatmakdy.
Mahabat EA tarapyndan döredilen hem bolsa, marketing biznesini awtomatizirlemekden entek ir. Çünki EA generatorlary häzirem adam keşplerini, köplenç, has “emeli” edýär.
https://www.youtube.com/watch?v=gWlfmUrazFw
Google, esasan, Veo 3-i wideolaryň garalama nusgalary üçin ulanýar. Ol soňra aktýorlar, režissýorlar we prodýuserler tarapyndan kämilleşdirilýär. Wonuň aýtmagyna görä, wagtyň geçmegi bilen EA Adobe Photoshop ýaly adaty bir gurala öwrülip bilner.




