Google kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli atmosfera zyňylýan parnik gazlarynyň mukdaryny azaltmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, öndürilýän täze tehnologiýalar öňde goýlan meýilnamalara päsgelçilik döredýär. Kärhananyň parnik gazlarynyň zyňyndylary soňky bäş ýylda 48% ýokarlandy. Ekologiki gurşawa seredýän gurama öz hasabatynda 2023-nji ýylda atmosfera çykýan zyňyndylaryň we uglerodyň 14,3 million tonna deň bolandygyny aýtdy. Bu bolsa 2022-nji ýyldaky bilen deňeşdireniňde 13% köp.
Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, gaýtadan işlenýän önümleriň hasabyna ep-esli artandygyny şeýle-de aglaba böleginiň elektrik energiýasynyň ulanylýandygy sebäplidir. Bu bolsa kärhananyň atmosfera çykýan zyňyndylarynyň dörtden bir bölegini tutýar. Hapalanmanyň galan bölegi önümçiligiň beýleki pudaklaryna degişlidir.
Kompaniýanyň ýolbaşçylary zyňyndylary azaltmak meselesi boýunça görkezme berdi w kompaniýanyň daşky gurşawa ýetirjek täsirini öňünden çaklamak kyn boljakdygyny aýtdy. Google ozal 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagy wada berdi. Şol bir wagtyň özünde Google kompaniýasay maglumat merkezleriniň energiýa netijeliligi boýunça bäsdeşlerinden 1,8 esse ýokary diýip Associated Press habarlary belleýär.
Gurbanmyrat REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy