«Reuters» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, «Google» gözleg kompaniýasy maglumatlar merkezini döretmek maksady bilen, 3 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy maksat edinýär. Kompaniýa pul serişdesini, esasan, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Indiana ştatynda maglumatlar merkezi şäherçesini döretmeklige we Wirjiniýada bar bolan maglumatlar merkezini has-da giňeltmeklige gönükdirer.
Soňky ýyllarda emeli aňa hem-de bulut hsaplamalaryna bolan isleg gitdigiçe ýokarlanýar. Bu bolsa tehnologiýa ägirtleriniň maglumatlar merkezleriniň mümkinçiliklerini giňeltmeklige iterýär.
Ýeri gelende bellesek, ýakynda «Amazon» kompaniýasy hem Indiana ştatynda maglumatlar merkezlerine 11 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýändigi barada habar beripdi.