Internetde «Google» şereketiniň meşhur «Pixel» smartfonlarynyň täze 9-njy nesliniň ilkinji synaglarynyň netijeleri peýda boldy. Bu barada «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň 2024-nji ýylyň 31-nji awgustynda neşir edilen №35 (6269) sanynyň 4-nji sahypasynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, täze «Pixel 9» smartfony «iPhone 15» smartfonlaryndan 20 göterim haýal we «Galaxy S24» enjamyndan bolsa iki esse haýal.
Täze «Tensor G4» prosessory öndürijilik babatda «Qualcomm Snapdragon 8 Gen 3» we «Apple A16» prosessorlaryndan yza galýar. Şeýle-de emeli aň üçin 16 GB operatiw ýadyň 3 GB-i ýörite aýrylyp, ony başga zatlara ulanyp bolmaýar.