Emeli aň (AI) maýa goýumlarynyň çalt depginde ösmegi bilen, tehnologiýa kompaniýalary artýan hasaplaýyş kuwwaty zerurlygyny kanagatlandyrmak üçin täze çözgütleri gözlemegini dowam etdirýär. Bu ugurda maglumat merkezleriniň gelejegi täzeden kemala gelip başlarka, pudagyň iň iri kompaniýalary bu gezek ugruny älem giňişligine öwürdi.
Google bilen SpaceX-iň maglumat merkezlerini äleme çykarmak üçin gepleşikler geçirýändigi ýüze çykdy. “The Wall Street Journal” tarapyndan paýlaşylan maglumatlara görä, iki kompaniýa orbitada ýerleşjek maglumat merkezleriniň üstünde işlemegi göz öňünde tutýar. Bu başlangyjyň merkezinde bolsa emeli aň durýar.
Näme üçin älem giňişligi?

Esasan hem dörediji emeli aň (Generative AI) tehnologiýalarynyň çalt ösmegi, kompaniýalaryň has köp hasaplaýyş kuwwatyna we energiýa mätäç bolmagyna getirýär. Bu ýagdaý ýerdäki maglumat merkezleriniň kuwwaty we energiýa sarp edişi taýdan has köp gün tertibine gelmegine sebäp bolýar.
Habara görä, SpaceX älemdäki maglumat merkezleriniň gelejekde emeli aň hasaplaýyş kuwwaty üçin möhüm bir alternatiwa bolup biljekdigini pikir edýär. Şeýle hem, habarda Google-yň diňe bir SpaceX bilen däl, eýsem beýleki raketa kompaniýalary bilen hem gepleşikler geçirýändigi bellenilýär. Kompaniýanyň geçen ýyl yglan eden “Project Suncatcher” başlangyjy esasynda 2027-nji ýyla çenli ilkinji synag emeli hemralaryny uçurmagy meýilleşdirýändigini hem ýatladalyň.


