Google kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Sergeý Brin 245 milliard dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji üçlügine girdi.
Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, ol Oracle kompaniýasynyň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellisondan öňe geçdi. Oracle kompaniýasynyň paýnamalary birnäçe aý işjeň ýokarlanyp, oktýabrda iň ýokary derejesine ýetipdi, ýöne soň 35% pese gaçdy.
Dünýäniň iň baý adamy Teslanyň esaslandyryjysy Ilon Mask bolup galýar – onuň baýlygy 480,5 milliard dollar diýlip hasaplanýar. Ikinji orny Google kompaniýasynyň beýleki esaslandyryjysy Larri Peýj (262,2 milliard dollar) eýeleýär.




