Alymlar howa şarlaryny ulanyp, gün energiýasyny ýygnamagy teklip etdiler. Aerostatyň içinde ýüzýän gün batareýasy üçin taslama işlenip düzüldi.
Şwesiýadan we Hytaýdan gelen halkara alymlar topary elektrik toguny öndürmek we ýere ýetirmek üçin şar ulgamy üçin taslama döretdi. Bu ylmy iş “Energy” ylmy žurnalynda çap edildi. Topar integral fotoelektrik batareýasy (BIPVS) bilen howa şaryny ýasady. Gün kollektorly aerostat howada ýokary galýar we öndürilen elektrik toguny şnur arkaly geçirýär.
Şaryň özi geliniň (He) kömegi bilen atmosferada saklanýar. Onuň ýokarky ýarysy gün şöhlesini döwmek arkaly jemleýän we aýdyň materialdan ýasalýar. Uçujy enjamyň düýbüne fotoelektrik öýjükleri ýerleşdirmek, ýagyşdan, gardan we doňmakdan goraýar. Şeýle hem ulgamda, şaryň içindäki zerur basyşy saklamak üçin gaz çalşygy üçin goýberiji klapan bar. Gün öýjükleriniň gapdalynda energiýa akymyna gözegçilik etmek we saklamak üçin modullary bar. Şary durnuklaşdyrmak üçin dört sim ulanylýar we ýere ýüp hem-de elektrik simleri dakylýar. Şar agaçlardan ýa-da jaýlardan kölegelerden gaça durmak üçin ýeterlik derejede ýerleşmeli.
Topar öz ulgamyny ýerli derejede synagdan geçirdi we dünýäniň bäş sany uly şäherinde 10,000 BIPVS parkynyň öndürijilik aýratynlyklaryny öwrenmek üçin modelirleme ulandy. Alymlar şular ýaly şar flotunyň ortaça aýlyk önümçiliginiň 3,5 bilen 4 GWt elektrik aralygyndadygyny anykladylar.
Jemşit BAHRAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat ulgamlary we
tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby