Dünýäniň awtomobil bazary düýpli öwrülişikleri başdan geçirýär. Ýaponiýanyň meşhur awtogiganty «Nissan» özüniň geosyýasy we ykdysady ugurlaryny düýpli üýtgedip, uly ädim ätmäge taýýarlanýar. Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň iň soňky beýanatlaryna görä, «Nissan» mundan beýläk talapkär we şol bir wagtda çykdajyly Ýewropa bazary üçin ýöriteleşdirilen modelleri önümçilige girizmez. Bu strategik öwrülişik diňe bir önümçilik ugruny däl, eýsem global awtomobil dünýäsindäki güýçler gatnaşygyny hem täzeden kesgitleýär.
Ýewropadan daşlaşmak: Girdeji we garaşsyzlyk gözlegi
Kompaniýanyň baş direktorynyň aýtmagyna görä, bu kararyň aňyrsynda Ýewropanyň agyr kadalaşdyryjy talaplaryna we rüstemligine bolan garaşlylygy azaltmak islegi ýatyr. «Nissan» mundan beýläk özüniň esasy güýjüni dünýäniň iň iri we durnukly üç bazaryna — ABŞ-a, Ýaponiýanyň özüne we Hytaýa gönükdirer. Bu ädim brendiň Ýewropadaky ykdysady üýtgewsizliklere we gatyşyk maliýe şertlerine bolan garaşlylygyny doly diýen ýaly aradan aýyrýar.
Elektroulaglar batymda (krizisde): «Nissan» çözgüdi Hytaýdan tapdy
Awtomobil dünýäsiniň öňünde duran iň uly meselerden biri hem häzirki wagtda dünýä bazarlarynyň aglabasynda elektroulaglara (EV) bolan hyrydarlygyň garaşylýan derejeden pes bolmagydyr. Ýöne «Nissan» bu batymdan (krizisden) çykyşyň özboluşly ýoluny tapdy. Kompaniýa elektrikleşdirme strategiýasyny doly saklap galmak bilen, onuň merkezini Hytaýa geçirýär. Muny düşündirmek gaty aňsat: Hytaýda elektroulag önümçiliginiň infrastrukturasynyň ösenligi we çig mal elýeterliligi çykdajylary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, «Nissan» pes çykdajy bilen bäsdeşlige ukyply elektromobilleri öndürip, global bazardaky ornuny gorap saklamagy maksat edinýär.
«Nissan» kompaniýasynyň ätiýaçlyk meýilnamasy: «Renault» bilen hyzmatdaşlyk dowam edýär
«Nissan» diňe bir Gündogara bil baglaman, eýsem ätiýaçlyk meýilnamalaryny hem gözden geçirýär. Ýewropa bazaryndaky ornuny doly ýitirmezlik we tehnologik alyş-çalyşy dowam etdirmek üçin, kompaniýa özüniň köp ýyllyk hyzmatdaşy «Renault» bilen alyansyny täze şertlerde dowam etdirip biler. Bu hyzmatdaşlyk Ýaponiýanyň inženerçilik ukybyny we Fransiýanyň Ýewropadaky tejribesini utgaşdyryp, iki tarapa-da batym (krizis) döwründe durnukly galmaga kömek eder.



