Halkara programmistler güni her ýylyň 7-nji ýanwarynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşaýjylary tarapyndan bellenilýär. Emma bu resmi däl baýramçylykdyr. Ýagny, baýramçylygy bellemek üçin dynç günleri ýok, programmistler diňe gutlaglary kabul edýärler. Programmist programmirleme, ýagny kompýuter programmalaryny döretmek bilen meşgullanýan adam bolup, olaryň kömegi bilen adamlarda Google, Yandex we başga-da köp gözleg maşynlary bar, onsuz häzirki dünýädäki durmuşy göz öňüne getirmek kyn.
Programmistler “Facebook” we “Apple” ýaly ägirt kompaniýalaryň diregi bolup durýar. Mundan başga-da, köp şäherde programmirleme hünärmenleriniň çykyş edýän ylmy konferensiýalarynyň ýa-da IT hünärmenlerini diňlemek, tejribe alyşmak we täze bir zat öwrenmek üçin leksiýalar we seminarlar guralýar.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby