Häzirki zaman jemgyýetiniň sanly dünýäsi – emeli aň tehnologiýalarynyň ösüş binýady. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» internet neşirinde habar berildi.
Häzirki zaman dünýäsi örän çalt depginde özgerýär. Her gün dünýäde mundan 10 — 15 ýyl öň hem mümkin däl ýaly görnen açyşlar, oýlap tapyşlar peýda bolýar. Ýokary tehnologiýalara (high tech) we innowasiýalara bolan talap, şonuň bilen baglylykda-da olaryň önümçiligi hem günsaýyn artýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, dünýä innowasion eýýamyň bosagasyndan ätläp, dördünji senagat öwrülişigini başdan geçirýär. Şulary göz öňünde tutmak bilen, makalamyzda sanlylaşma prosesiniň döwletleriň ykdysadyýetlerine ýetirýän täsiri, dünýäde ylma, bilime we emeli aňa maýa goýmak barada alnyp barylýan işler hakda gürrüň gozgamagy makul bildik.
Dördünji senagat öwrülişiginiň ozalkylardan tapawutly tarapy, onuň gutarnykly amala aşmasy netijesinde öňküler ýaly çig mala ýa-da energiýa serişdelerine baý döwletler däl-de, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdiren, tehnologiýa we innowasiýalar babatda öňdebaryjy bolan ýurtlar has uly artykmaçlyga eýe bolarlar. Başgaça aýtsak, biziň döwrümizde oýlap tapyşlaryň we açyşlaryň ähmiýeti çig mala garanyňda has ýokary orunda durýar. Muny gysgaça mysal bilen düşündirsek, biziň hemmämiziň ulanýan «Apple» kompaniýasynyň önümleri bolan «iPhone» smartfonlarynyň çig mal görnüşinde özüne düşýän bahasy 250 — 300 amerikan dollary töweregindedir. Emma onuň taýýar görnüşiniň bazar bahasy 1000 — 1200 amerikan dollaryna ýetýär. Bu nämäni aňladýar?! Bu şol smartfon üçin artykmaç tölenen 800 — 900 amerikan dollarynyň adam aňynyň miwesiniň, ýagny oňa ornaşdyrylan programma üpjünçiliginiň getirýän girdejisidigini ýüze çykarýar. Has sada dilde beýan etsek, dördünji senagat öwrülişiginde çig mal däl-de, adam aňy esasynda oýlap tapylan açyşlar we tehnologiýalar bazara has uly girdeji getirýär. Munuň özi bolsa her bir döwletden innowasion oýlap tapyşlara we ylmy açyşlara ukyply ýaş nesli terbiýelemegi, jemgyýetdäki täzeçil pikirli adamlary goldamagy talap edýär.
Görşümiz ýaly, dünýäniň iň iri 10 sany kompaniýasynyň 6-sy dolulygyna tehnologiýalara ýöriteleşen, ýene biri elektron söwda (ol hem innowasiýalaryň bize döreden täze mümkinçilikleriniň netijesinde dörän ugur), 2 sanysy ýokary tehnologiýalar bilen has işjeň iş salyşýan kompaniýalardyr. Şu ýerde kompaniýalar bilen bagly başga mysala hem ýüzlenip bileris. 2009-njy ýylda bary-ýogy 32 sany hünärmeniň işläp taýýarlamagynda adybir kompaniýa tarapyndan hödürlenilen «WhatsApp» platformasy aradan bäş ýyl geçensoň, has takygy, 2014-nji ýylda «Meta Platforms» kompaniýasy tarapyndan 16 milliard amerikan dollaryna satyn alynýar. «WhatsApp» platformasynyň häzirki bazar bahasy bolsa 110 milliard amerikan dollaryna golaýlaýar. Ine, ýekeje şu mysalyň özi hem täzeçil innowasiýalaryň nähili girdejili ugurdygyna we olaryň ykdysadyýete neneňsi täsir edýändigine güwä geçýär.
Ýeri gelende bellesek, «Forbes» žurnaly tarapyndan 2024-nji ýylyň başynda yglan edilen reýtinge görä, dünýäniň iň baý 10 adamynyň 8-si gönüden-göni tehnologiýalar we sanly programmalar ulgamynda iş alyp barýan adamlardyr. Hususan-da, häzirki wagtda bu reýtingiň birinji ornuny eýeläp duran amerikaly işewür Ilon Mask elektromobilleri öndürýän «Tesla», kosmosy öwrenýän «SpaceX», emeli aň babatda iş alyp barýan «Neuralink» hem-de «OpenAI» kompaniýalarynyň we «X» (ozalky «Twitter») sosial torunyň eýesidir. Häzirki wagtda onuň arassa kapitaly 250,4 milliard amerikan dollaryna barabardyr.
Dördünji senagat öwrülişiginde ýene bir üns berilmeli ýagdaý, onuň netijesinde emeli aňyň adam zähmetiniň birnäçe görnüşleriniň ýerini tutmagy bilen käbir ugurlarda iş orunlarynyň azalmagy, başga bir tarapdan bolsa, täze-täze, ozal bolmadyk hünärleriň peýda bolmagydyr. Olara degişlilikde mysal getirsek, häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde satyjysyz dükanlar, sürüjisiz taksiler we ş.m hereket edip başlady. Munuň netijesinde bolsa satyjy, sürüji ýaly hünärler üçin iş orunlary azalýar. Tersine, tehnologiýanyň ösmegi netijesinde täze dörän hünärlere bolsa, IT hünärmenligini, kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenleri we beýlekileri mysal getirmek bolar. Şu ýerde ýene bir üns berilmeli zat bar — tehnologiýa ösdügiçe, dünýäde maglumatlar gory has köpelmek bilen. Mysal hökmünde häzir dünýäde bar bolan superkompýuterler bary-ýogy birnäçe günüň içinde adamzadyň müňýyllyklaryň dowamynda tä şu wagta çenli toplan ähli maglumatlaryna deň bolan maglumatlary öndürmäge ýa-da döretmäge ukyply. Başgaça aýtsak, ozal dünýäde maglumat gory arifmetikanyň kanuny esasynda 1, 2, 3, 4 ýaly yzygiderlilikde ösen bolsa, häzirki zaman dünýäsinde bu proses geometriki kanun esasynda 2, 4, 8, 16, 32 ýaly yzygiderlilikde artýar. Şularyň ählisini hasaba alsak, biziň şu günki dünýämizde tehnologiýa, innowasion oýlap tapyşlara we emeli aňyň mümkinçiliklerine maýa goýmagyň örän zerurdygy ýüze çykýar. Muny ýurtlaryň mysalynda hem düşündirmäge çalşalyň!
Ýurtlarda tehnologiýalaryň ulanylyşyny, sanly ykdysadyýete geçilişini we innowasion taslamalaryň amala aşyrylyşyny öz içine alýan Bütindünýä innowasiýa indeksinde («Global Innovation Index») hem öňdäki orunlaryň aglabasy dünýäniň ösen ykdysadyýetine eýe bolan döwletlere degişli. Şeýle-de bu döwletler häzirki wagtda ýokary tehnologiýalaryň eksportunda öňdäki orunlary eýeleýärler we jan başyna düşýän jemi içerki önümiň mukdary boýunça ýokary basgançaklarda ýerleşýärler. Mysal üçin, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça dünýäniň iň uly ykdsyadyýetine eýe döwletlere ser salalyň:
1. ABŞ. 2024-nji ýylyň başyndaky maglumatlara görä, ýurduň jemi içerki önüminiň mukdary 27 trillion 974 milliard amerikan dollaryna deň bolup, bu babatda 1-nji orny eýeleýär. JIÖ-niň jan başyna düşýän mukdary 83 müň
amerikan dollaryna deň. 2021-nji ýylyň maglumatlary boýunça JIÖ-niň 3,96 göterimi Gözleg we Ösüş (Research and Development) taslamalaryna maýa goýmaklyga gönükdirilýär;
2. Hytaý. 2024-nji ýylyň başyndaky maglumatlara görä, ýurduň jemi içerki önüminiň mukdary 18 trillion 566 milliard amerikan dollaryna deň bolup, bu babatda 2-nji orny eýeleýär. JIÖ-niň jan başyna düşýän mukdary 13 müň 160 amerikan dollaryna deň. 2021-nji ýylyň maglumatlary boýunça JIÖ-niň 2,43 göterimi Gözleg we Ösüş taslamalaryna maýa goýmaklyga gönükdirilýär;
3. Germaniýa. 2024-nji ýylyň başyndaky maglumatlara görä, ýurduň jemi içerki önüminiň mukdary 4 trillion 730 milliard amerikan dollaryna deň bolup, bu babatda 3-nji orny eýeleýär. JIÖ-niň jan başyna düşýän mukdary 56 müň amerikan dollaryna deň. 2021-nji ýylyň maglumatlary boýunça JIÖ-niň 3,14 göterimi Gözleg we Ösüş taslamalaryna maýa goýmaklyga gönükdirilýär;
4. Ýaponiýa. 2024-nji ýylyň başyndaky maglumatlara görä, ýurduň jemi içerki önüminiň mukdary 4 trillion 291 milliard amerikan dollaryna deň bolup, bu babatda 4-nji orny eýeleýär. JIÖ-niň jan başyna düşýän mukdary 34 müň 550 amerikan dollaryna deň. 2021-nji ýylyň maglumatlary boýunça JIÖ-niň 3,30 göterimi Gözleg we Ösüş taslamalaryna maýa goýmaklyga gönükdirilýär;
5. Hindistan. 2024-nji ýylyň başyndaky maglumatlara görä, ýurduň jemi içerki önüminiň mukdary 4 trillion 112 milliard amerikan dollaryna deň bolup, bu babatda 5-nji orny eýeleýär. JIÖ-niň jan başyna düşýän mukdary 2 müň 850 amerikan dollaryna deň. 2021-nji ýylyň maglumatlary boýunça JIÖ-niň 0,65 göterimi Gözleg we Ösüş taslamalaryna maýa goýmaklyga gönükdirilýär;
6. Beýik Britaniýa. 2024-nji ýylyň başyndaky maglumatlara görä, ýurduň jemi içerki önüminiň mukdary 3 trillion 952 milliard amerikan dollaryna deň bolup, bu babatda 6-njy orny eýeleýär. JIÖ-niň jan başyna düşýän mukdary 52 müň 430 amerikan dollaryna deň. 2021-nji ýylyň maglumatlary boýunça JIÖ-niň 2,91 göterimi Gözleg we Ösüş taslamalaryna maýa goýmaklyga gönükdirilýär;
7. Fransiýa. 2024-nji ýylyň başyndaky maglumatlara görä, ýurduň jemi içerki önüminiň mukdary 3 trillion 182 milliard amerikan dollaryna deň bolup, bu babatda 7-nji orny eýeleýär. JIÖ-niň jan başyna düşýän mukdary 48 müň 420 amerikan dollaryna deň. 2021-nji ýylyň maglumatlary boýunça JIÖ-niň 2,22 göterimi Gözleg we Ösüş taslamalaryna maýa goýmaklyga gönükdirilýär;
8. Italiýa. 2024-nji ýylyň başyndaky maglumatlara görä, ýurduň jemi içerki önüminiň mukdary 2 trillion 280 milliard amerikan dollaryna deň bolup, bu babatda 8-nji orny eýeleýär. JIÖ-niň jan başyna düşýän mukdary 38 müň 930 amerikan dollaryna deň. 2021-nji ýylyň maglumatlary boýunça JIÖ-niň 1,45 göterimi Gözleg we Ösüş taslamalaryna maýa goýmaklyga gönükdirilýär;
9. Braziliýa. 2024-nji ýylyň başyndaky maglumatlara görä, ýurduň jemi içerki önüminiň mukdary 2 trillion 272 milliard amerikan dollaryna deň bolup, bu babatda 9-njy orny eýeleýär. JIÖ-niň jan başyna düşýän mukdary 11 müň amerikan dollaryna deň. 2021-nji ýylyň maglumatlary boýunça JIÖ-niň 1,15 göterimi Gözleg we Ösüş taslamalaryna maýa goýmaklyga gönükdirilýär;
10. Kanada. 2024-nji ýylyň başyndaky maglumatlara görä, ýurduň jemi içerki önüminiň mukdary 2 trillion 242 milliard amerikan dollara deň bolup, bu babatda 10-njy orny eýeleýär. JIÖ-niň jan başyna düşýän mukdary 55 müň 530 amerikan dollaryna deň. 2021-nji ýylyň maglumatlary boýunça JIÖ-niň 1,70 göterimi Gözleg we Ösüş taslamalaryna maýa goýmaklyga gönükdirilýär.
Ýokarky getirilen maglumatlardan hem görnüşi ýaly, ösen innowasiýa esaslanýan ykdysadyýetlerde jemi içerki önüm hem, onuň jan başyna düşýän mukdary hem barha ýokarlanýar. Şol sanda bu ýurtlarda ýokary tehnologiýalaryň önümçiligi hem artýar. Munuň esasy şerti ol ýurtlarda Gözleg we Ösüş (Research and Development) taslamalaryna köp mukdarda maýa goýulmagydyr.
Soňky birnäçe ýylyň içinde dünýäde emeli aňa goýulýan maýa goýumlaryň mukdary görnetin artdy. Bu ugurdaky gözlegleriň netijeleri hem şoňa görä, has kämilleşmek bilen. Meselem, häzirki wagtda emeli aňyň esasynda dolandyrylýan «ChatGPT» ýaly programmalar adamlara dürli ugurlarda maslahat bermekden başlap, goşgudyr hekaýa ýazmaga çenli ýardam edýär. Munuň özi emeli aňyň hatda adam aňynyň iň inçe hünärleri bolan okamak, ýazmak we pikirlenmek ukyplaryny hem özleşdirýändigine şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, diňe satyjylaryň, sürüjileriň ýa-da hasapçylaryň ýerine ýetirýän işlerini däl, eýsem, žurnalistdir ýazyjy ýaly inçe kärleri hem emeli aň öz üstüne alsa, haýran galasy zat ýok. Hatda emeli aň bilen hereket edýän robotlar eýýäm dürli sport görnüşlerinde (mysal üçin, küşt, basketbol we ş.m) adamlardan üstün çykmagy hem başardylar. Munuň özi emeli aňyň çäksiz mümkinçiliklerinden habar berip, geljekde onuň kömegi bilen döwletlere jemgyýeti we raýatlary has amatly dolandyrmaga, olar baradaky maglumatlary dessin toplamaga we peýdalanmaga şert döreýär.
Tehnologiýalaryň ösmegi bilen ykdysadyýete täsirini ýetiren ýene bir täzelik, bu blokçeýn tehnologiýalary ýa-da kriptowalýutalardyr. Olar gysga wagtyň içinde giňden ýaýramagy başardylar we geljekde kagyz puluň ornuny tutmaga çynlakaý dalaş edýärler. Kriptowalýutalaryň ýene bir artykmaçlygy olar arkaly hökümetler we ygtyýarly edaralar fiziki şahslaryň ýa-da kompaniýalaryň hasabyna pullaryň nireden, näme üçin we nähili gelip düşýändigi barada aýdyň maglumat alyp bilýärler. Bu bolsa dürli düzgün bozulmalarynyň, maliýe jenaýatçylygynyň öňüni almaga ýardam edýär.
Emeli aň we ylmyň soňky gazananlary saglygy goraýyş we durmuş goraglylygy ýaly möhüm ulgamlara-da oňyn täsir edýär. Häzirki zaman lukmançylygy täzeçil tehnologiýalaryň we emeli aňyň kömegi bilen adamyň beden organlaryny döretmekden başlap, onuň genini klonlamaga çenli (nusgalamak) ençeme tejribeleri dowam etdirýär. Öz gezeginde adamyň geniniň klonlanylmagy geljekde onda döräp biljek keselleri öňünden anyklamaga we olaryň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Aslynda, soňky ýyllarda täze dörän ugur bolan gen inženerçiligi görlüp-eşidilmedik netijeler bilen orta çykýar. Onuň netijesinde eýýäm adamlaryň dokumalaryndan beden agzalary dikeldilip, olar haýwanlarda üstünlikli synag edildi. Şeýle-de gen inženerçiligi arkaly haýwanlaryň genleriniň nusgalanmagy arkaly olaryň has oňat tohumlary ýetişdirildi. Gen inženerçiliginiň ýene bir artykmaçlygy ol heniz dogulmadyk çagalarda-da (haçan-da göwrelilik emeli usul bilen döredilen halatynda) dünýä inenden soň döräp biljek genetiki kesellerden sowlup geçmäge hem mümkinçilik berýär. Mahlasy, emeli aň we ösen tehnologiýalar ynsan saglygyny goramakda örän uly mümkinçilikler dünýäsiniň gapysyny açdy.
Biziň ýokarda agzan mysallarymyz emeli aň we tehnologiýalar babatda gazanylýan öňegidişlikler, dünýäniň innowasion ösüşiniň depgini barada deňizden däl, ummandan bir damjajyk. Umuman, dünýä tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň täsirinde şeýle bir çalt ösýär welin, hatda bu tizligi diňe düşünjäň we akylyň bilen yzarlamak hem ýeňil-ýelpaý iş däl. Şu günki ýaşlaryň öňünde bolsa bu ösüşden diňe habardar bolmak däl, eýsem, şol depginden bir ädim öňde hereket etmek wezipesi dur. Çünki täze döwür — innowasiýa asyry täzeçilligi hem-de tizligi talap edýär.



