Honda garyşyk dizaýnly täze elektrikli krossowerini görkezdi. Prototip 2027-nji ýylda seriýaly öndüriler.
Tokioda geçirilen Japan Mobility Show sergisinde, Honda kompaniýasynyň täze elektrikli awtoulagynyň dünýäde ilkinji gezek görkezilişi boldy. Bu krossower 0 α adyny aldy. Ol prototip hökmünde görkezildi, ýöne 2027-nji ýylda Honda şunuň ýaly elektrikli krossoweri köpçülikleýin öndürip, dünýäniň dört künjegine satmagy meýilleşdirýär.

“0” seriýasyndaky awtoulaglar häzirki Honda modellerinden düýpgöter tapawutlanýan konstruktiw dizaýn ýörelgesine eýerýär. “Alfa” prototipinde uly krossoweriň umumy keşbi saklanyp galýar, ýöne teker bazasy gysgaldy, öň optika täze görnüşde işlenildi, gapy tutawaçlary täzelendi, şeýle-de yzky gapylaryň aňyrsyndaky ownuk penjireler aýryldy.

Täze modeliň tehniki aýratynlyklary entek resmi taýdan aýdylmady. Emma sedan hem-de iki krossoweriň Sony bilen bilelikde Afeela elektrik ulagy üçin işlenip düzülen umumy platformada gurulmagyna garaşylýar. Deslapky maglumata görä, ulagyň bir doly zarýad bilen azyndan 500 km ýol geçip biljekdigi çak edilýär.



