Ysraýylyň “Water gen” kompaniýasy, ýönekeý startapy üstünlikli transmilli işe öwürip, suwy howadan almak kararyna geldi. “Watergen” howa suwuny öndürýän enjamlary ýerli şertlere dizaýn edýän we uýgunlaşdyrýan Ysraýyl kompaniýasydyr. Merkezi suw ulgamyna zerurlyk ýok. Ol her gün 800 litre çenli agyz suwy öndürip bilýär..
“Watergun” suw öndürijileriniň merkezinde howadan kondensator, nemlendiriji we beýleki durmuş enjamlarynda ulanylýan suwy kondensirlemek ýörelgesi öňden bäri bilinýär, emma ysraýyllylaryň tehnologiýasy özboluşly. Bu, hatda gaty gurak we hapalanan howadan hem iň az energiýa çykdajylary bilen ýokary hilli agyz suwuny almaga mümkinçilik berýär.
Generator howany ýygnaýar, arassalaýar, süzýär we kondensasiýa ýüze çykýan ýörite sowadyş ulgamyna ugrukdyrýar. Enjam suw infrastrukturasyna bagly däl we tebigy betbagtçylyklarda, çölde we uzak ýerlerde işleýär. Bäş litr suw öndürmek üçin enjam diňe 1 kWt energiýa zerur bolup, howadan alnan suwy gaty arzan edýär.
2019-njy ýylda Amerikanyň “Time” žurnaly ýylyň ýüzlerçe iň oňat oýlap tapyşlarynyň sanawyna günde 30 litre çenli suw öndürýän “Watergen” -iň kiçi göwrümli önümi “Genny”-ni öz içine aldy.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl ýyl talyby