Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan «Huawei» kompaniýasy smartfon bazaryndaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen, orta baha derejesine degişli bolan «Nova 16» we «Nova 16z» modellerini köpçülige hödürledi. Täze gurluşlar özüniň kuwwatly akkumulyatory, çalt zarýadlandyryş ulgamy we emeli hemra arkaly habar ibermek aýratynlygy bilen ünsüni çekýär.
«Nova 16»: Ýokary kuwwat we ösen kamera mümkinçilikleri
Hödürlenen modelleriň ulusy bolan «Huawei Nova 16» smartfony, «Kirin 9010S» çipi we 120 Hz ýygylykly, 6,68 dýuymlyk OLED ekrany bilen enjamlaşdyryldy. Smartfonyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem onuň 7000 mA/sag sygymly örän kuwwatly akkumulýatorydyr. Gurluş 100 Vt çalt zarjadlandyryşy goldaýar. Surata we wideo düşürmegi halaýanlar üçin bolsa 50 MP esasy kamera we 100 esse sanly ulaltma (zoom) aýratynlygy bolan periskop moduly oturdylypdyr. Şeýle hem model «BeiDou» ulgamy arkaly iki taraplaýyn emeli hemra aragatnaşygyny, Wi-Fi 7 standartyny we IP65 suwdan-tozandan gorag derejesini üpjün edýär.
«Nova 16z»: Amatly baha we ýokary öndürijilik
Meselelere has tygşytly çemeleşýän ulanyjylar üçin niýetlenen «Nova 16z» modeli «Kirin 8020» prosessory we 6,7 dýuymlyk FHD+ ekrany bilen tapawutlanýar. Bu smartfonda 6000 mA/sag sygymly akkumulyator ulanylyp, ol hem 100 Vt çalt zarjadlandyryşy goldaýar.
Modelleriň ikisi hem kompaniýanyň öz önümi bolan «HarmonyOS 6.1» operasion ulgamynda işleýär.
Baha syýasaty we bazardaky ýagdaý
Täze gurluşlaryň başlangyç bahalary:
Huawei Nova 16z: $335
Huawei Nova 16: $420

«Counterpoint Research» halkara seljeriş guramasynyň soňky maglumatlaryna görä, «Huawei» kompaniýasy Hytaýyň smartfon bazarynda özüniň esasy bäsdeşi bolan «Apple» kompaniýasyndan öňe geçmegi başardy. Umumy bazaryň maý aýyndaky ýyllyk hasabynda girdejisiniň 16 göterim peselendigine garamazdan, «Huawei» satuw görkezijilerini durnukly saklap, iň ýokary ösüşleriň birini görkezdi.



