«Huawei» kompaniýasy 2024-nji ýylyň awgust aýynda Hytaýda satan smatfonlarynyň sany boýunça «Apple» kompaniýasyndan öňe geçdi. Şeýle ýagdaý soňky 46 aýda ilkinji gezek hasaba alynýar.
«CINNO» seljerme merkezi öz geçiren barlaglaryna esaslanyp, «Huaweiň» hytaý bazaryndaky söwdasynyň depginli ilerlemeginde «Mate» we «Pure» smartfonlarynyň uly täsiriniň bolandygyny ýazýar.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň awgust aýynda daşary ýurtlarda öndürilen smartfonlaryň hytaý bazaryndaky satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,7 göterim azalyp, 1,87 milliona deň bolupdyr. Tersine, ýerli öndürijileriň smartfonlarynyň satuwy bolsa 26,7 göterim ýokarlanyp, 24,05 milliona ýetipdir.