«Huawei» kompaniýasynyň 2024-nji ýylyň 10-nji sentýabrynda tanyşdyran üç eplenýän çeýe displeýli täsin «Mate XT» smartfonynyň özboluşly aýratynlyklary «ferra.ru» neşirinde beýan edildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabryndaky № 39 (682) 2024 belgili sanynyň 8-nji sahypasynda habar berildi.
Neşirde habar berilişi ýaly, smartfonyň Z görnüşli gurluşy bar. Onuň iki şarniriniň (mehanizmiň iki detalyny herekete getirýän birleşdiriji) biri displeýi içine, beýlekisi bolsa daşyna eplemäge mümkinçilik berýär.
Eplenen görnüşinde bir seksiýanyň diagonaly 6, 4 dýuýma, doly açylan görnüşinde bolsa 10,2 dýuýma barabardyr. Enjamyň galyňlygy 12, 8 milli metre deňdir.
Smartfonyň arka tarapynda üç kamera — 50 Mp ygtyýarlykly esasy kamera, 1 2 megapiksellik giň burçly we 5, 5 esse ulaldylýan peris kopiki kamera ýerleşdirilen. Onuň öň tarapynda 8 megapiksellik frontal kamera bar.
«Mate XT» smartfony 66 Wt kuwwatly çalt simli zarýad berijili we 50 Wt simsiz zarýad berijili göwrümi 5600 mAs akkumulýatory bilen üpjün edilendir. Mundan başga-da, toplumyň düzümine «Huawei FreeBuds 5» gulaklyklary we zarýad beriji gurluş girýär.