Huawei kompaniýasy özüniň “nova” tapgyry arkaly mobil suratçylyk tehnologiýalaryny köpçülige elýeterli etmegini dowam etdirýär. Çuňluk effekti (boke) bolan ajaýyp portretler, jikme-jik ýakynlaşdyrma (zum) we tebigy reňk berijilik – Huawei nova 15 Pro modeli suratçylyk babatynda islendik wezipäni ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Hi-Tech Mail saýtynyň hünärmenleri tarapyndan iki hepdäniň dowamynda barlagdan geçirilen bu enjam, diňe bir kamerasy bilen däl, eýsem beýleki aýratynlyklary bilen hem ünsi çekýär.
Täze dizaýn we ekran aýratynlyklary

Korpusyň özboluşly dizaýny Huawei nova tapgyrynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Täze 15 Pro modeli öňki nesil bilen deňeşdirilende has premium we statusly görnüşe eýe boldy. Smartfonyň arkasyndaky ýagtylyga görä öwüşgin atýan inçe çyzyklar, enjama ajaýyp gözellik goşýar.
Aýratyn-da lawanda we narpyz (mýata) reňkleri has özüne çekiji görünýär. Gapdal çarçuwalarynyň tekiz we mat görnüşde bolmagy, uly 6,84 dýuýmlyk ekrana garamazdan telefonyň elde rahat saklanmagyny üpjün edýär. Şeýle hem, 4000 nit ýagtylyga çenli ýetip bilýän LTPO OLED ekrany “Kunlun Glass” aýnasy bilen berkidilipdir.
Tehniki görkezijiler we batareýa kuwwaty
Içerki gurluşyna seredenimizde, Huawei nova 15 Pro-nyň hakyky flagmanlara bäsdeş bolup biljekdigini görýäris. Täze nesil HiSilicon Kirin 9010S prosessory we 12 GB operatiw ýat (RAM), agyr programmalary we oýunlary bökdençsiz işletmäge mümkinçilik berýär. Enjamyň iň uly artykmaçlyklarynyň biri bolsa, öňki nesildäki 5500 mAh deregine, indi 6500 mAh kuwwatlylyga eýe bolan ägirt uly batareýasydyr. Bu batareýa 100 Wt tiz zarýad beriş ulgamy arkaly gysga wagtyň içinde dolýar.
Suratçylyk we emeli aň ulgamy

Huawei nova 15 Pro-nyň iň güýçli tarapy şübhesiz onuň kameralarydyr. Arka tarapda 50 Mp esasy kamera (OIS), 3x optiki zumly 12 Mp teleobýektiw we 13 Mp giň burçly makro kamera ýerleşýär. Iň täsin ýeri bolsa, kompaniýanyň Pura we Mate seriýalarynda ulanýan 1,5 million spektral kanally “Red Maple” reňk datçiginiň bu modele hem ornaşdyrylmagydyr. Öň tarapdaky 50 Mp portret kamerasy hem şol bir datçik bilen üpjün edilip, gije-gündiz islendik şertde tebigy we jikme-jik suratlary almaga mümkinçilik berýär.
Huawei nova 15 Pro, diňe bir ajaýyp suratlary düşürmek bilen çäklenmän, eýsem ýokary öndürijiligi we kämil dizaýny bilen hem ulanyjylaryň göwnünden turmagy başarýar. Bu täze enjam, elýeterli bahadan premium flagman tejribesini gözleýänler üçin iň gowy saýlawlaryň biri bolup durýar.


