Huawei kompaniýasy Hytaýda «Taryhda iň inçe Mate» diýip atlandyrylýan «Mate 70 Air ultra» atly örän täsin flagman smartfonyny hödürledi.
Täze smartfonyň korpusynyň ýogynlygy bary-ýogy 6,6 mm boldy we bu iPhone Air bilen Galaxy S25 Edge-den sähel ýogyndyr. Ýöne işläp düzüjiler smartfonyň uzak işleýändigi we funksiýalary bilen öwnüp bilýär – Mate 70 Air 66 Wt çalt zarýad alyş goldawy bilen 6500 mA/sag sygymly akkumulýatora eýe boldy.

Smartfon durulygy 1,5K+ (2760 × 1320 piksel) we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 7 dýuýmlyk OLED displeýi bilen üpjün edildi. Frontal kamera 10,7 Mp bolup, ekranyň merkezi oýugynda ýerleşdirildi.
Smartfon HarmonyOS 5.1-iň dolandyrmagynda Kirin 9020B ýa-da Kirin 9020A çipsetlerinde (12 ýa-da 16 GB operatiw ýatly wersiýa baglylykda) işleýär. Ol Wi-Fi 7-ni, Beidou hemra aragatnaşygyny goldaýar we barmak yzynyň gapdal skaneri bilen üpjün edildi. Şeýle-de, IP69 boýunça suwdan we tozandan gorag bar.
Esasy kamera dört moduldan ybarat: uly sensorly 50 Mp esasy, 8 Mp ultra giňburçly, üç esse zum bilen 12 Mp teleobýektiw we 1,5 Mp multispektr datçigi.
HUAWEI Mate 70 Air smartfony «Gara», «Ak» we «Kümüş» reňklerinde çykarylýar. Hytaýda bu täze enjamy öňünden sargyt eden müşderilere şu aşakdaky nyrhlarda örän elýeterli bahalar bilen satylýar:
- 12+256 GB — 4199 ýuan (~590 dollar)
- 12+512 GB — 4699 ýuan (~660 dollar)
- 16+256 GB — 4699 ýuan (~660 dollar)
- 16+512 GB — 5199 ýuan (~730 dollar)



