Huawei Watch D2 akylly sagadynda gan basyşyny ölçäp bilýän saglyk funksiýasy döredildi. Mundan başga-da, model üçin gök reňk görnüşi hödürlenip başlandy. Huawei Watch D2 bilen baglanyşykly ýaýran soňky maglumatlarda bular barada has giňişleýin beýan edilýär.
Huawei, gan basyşyny ölçemek aýratynlygy bilen tapawutlanýan Watch D2 akylly sagadyna möhüm täzelenme hödürledi. Bu ädim bilen Huawei, saglyk gözegçiligini amala aşyrýan tehnologiýalar babatynda täze bir standart döreder.
Täzelenme iki täze möhüm aýratynlygy hödürleýär: «Wagt boýunça gan basyşyny ölçeýiş» režimi we «Puls tolkunynyň we ýürek urşunyň kadasyzlygyny seljerme» režimi. Bu üýtgeşik funksiýa täzeliklerinden başga-da, enjam üçin ajaýyp gök gaýyş aýratynlygy hem girizildi.
Täze «Wagt boýunça gan basyşyny ölçeýiş» režimi ulanyjylara gan basyşynyň saglygyny has jikme-jik dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu aýratynlyk «Bellenen wagt ölçegi” bilen ulanyjylar tarapyndan günüň dowamynda görkezilen belli bir wagt aralygynda awtomatik takyk ölçegleri almaga mümkinçilik berýär.
«Üznüksiz döwür ölçegi» režimi gündiz, gije ýa-da ir säher ýaly belli wagt aralygyny kesgitlemäge we şol kesgitlenen wagtlarda gan basyşyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Bu režim irdenki gipertoniýa we gijeki gipertoniýa ýaly ýagdaýlaryň hem has netijeli dolandyrylmagyna goşant goşmaga gönükdirilendir.
Täzelenme bilen goşulan başga bir funksiýa bolsa, geljekde CE sertifikatyny almagyna garaşylýan «Puls tolkunynyň we ýürek urşunyň kadasyzlygyny seljerme» režimidir. Bu aýratynlyk ulanyjylara ýeke-täk ýa-da döwürleýin ölçegleri geçirmäge we mümkin bolan töwekgelçilikler barada duýduryş almaga mümkinçilik berýär.
Seljerme netijesinde ulanyja «Ýürek urşynyň kadasyzlygy anyklanmady», «Ýürek urşynyň kadasyzlygy (ýürek ritminiň bozulma howpy)» ýa-da «Ýürek ritminiň güman edilýändigi» ýaly düşündirişli netijeler habar berilýär. Saglyga gönükdirilen bu programma üpjünçiliginiň täzeliklerinden başga-da, Huawei Watch D2 önüm maşgalasyna estetiki alternatiwa hökmünde täze gök gaýyş görnüşini goşandygyny mälim etdi. Enjamyň Türkiýede bahasy 16,000 TL töweregi.



