Hytaýda geçirilen ýörite dabarada dünýäde ilkinji gezek “HarmonyOS“ operasiýa ulgamynda işleýän akylly kondisionerleriň tanyşdyrylyşy boldy. Bu innowasion enjamlar, Midea kompaniýasy we tehnologiýa ägirdi Huawei-iň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň netijesinde döredildi. Täze seriýanyň ilkinji modelleri bolan “Midea Air Conditioner Pro” we “Midea All-in-One Wind Pro”, Hytaýyň bazarynda degişlilikde 5399 we 7699 ýuan (ortaça 793,88 $) bahadan satuwa çykaryldy.
HarmonyOS ekosistemasy we çuňňur integrasiýa
Midea Air Conditioner Pro modeliniň iň esasy aýratynlygy, onuň Huawei-iň döreden HarmonyOS ekosistemasy bilen çuňňur baglanyşygydyr. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden Huawei kompaniýasynyň wekili Ýu Çendong, iki kompaniýanyň geljekde çip (mikroshema) öndürmek, operasiýa ulgamlaryny kämilleşdirmek we “akylly öý” (smart home) tehnologiýalary ugrunda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi meýilleşdirýändigini aýratyn nygtady.
Gijesine CO2 gözegçiligi we “Dual 37” ulgamy
Midea bu täze enjamlarda esasy ünsi ýatylýan otagdaky howanyň hiline gönükdirýär. Täze Air Conditioner Pro modeli ýörite “Dual 37” ulgamy bilen üpjün edilip, ol wentilýatoryň sesiniň derejesi 37 dB-den geçmeýän ýagdaýynda, sagatda 37 kub metrden gowrak howa çalşygyny üpjün edýär. Enjama ornaşdyrylan CO2 (kömürturşy gazy) datçigi bolsa, hakyky wagtda arassa howanyň berlişini kadalaşdyrýar. Bu akylly ulgam, hatda gijesine äpişgeler ýapyk wagty hem otagdaky kömürturşy gazynyň konsentrasiýasyny 1000 ppm-den aşakda saklamagy kepillendirýär we has sagdyn uky şertlerini döredýär.
Kondisionerler bilen birlikde dabarada Meipont Wind God Eye True Fresh Air System we Floor Standing Air System ýaly täze wentilýasiýa ulgamlary hem köpçülige görkezildi. Täze enjamlaryň satuwy eýýäm “HarmonyOS Smart Home” dükänlarynda we Huawei-iň ýöriteleşdirilen öý enjamlary bölümlerinde başlady.


