Hytaýly alymlar Günorta-Hytaý deňzinde 1600 metr çuňlukda dünýädäki iň uly suwasty HUNT neýtrino teleskopynyň gurluşygyna başladylar. Taslama kosmologiýanyň we fizikanyň täze taraplaryny açyp biljek syrly bölejikleri — neýtrinolary öwrenmäge mümkinçilik berer. Teleskop kosmosyň uzak ýerlerinden gelýän we materiýa bilen sähelçe täsirleşýän ýokary energiýaly neýtrinolary tapar. Teleskopyň işleýşiniň esasy ideýasy suwdan geçýän neýtrinolaryň atomlar bilen täsirleşip, ikinji bölejikleri döretmegidir. Bu bölejikler suwdaky ýagtylykdan has çalt hereket edenlerinde, elektromagnit şöhlelenmesi emele gelýär we bu detektorlar tarapyndan ýazylar. Teleskopy gurmak üçin bu ýer tötänden saýlanmady: ep-esli çuňluk teleskopy kosmiki şöhlelerden tebigy gorag bilen üpjün edýär, deňziň düýbüniň geologiki aýratynlyklary bolsa detektorlary durnukly ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.
HUNT taslamasy Hytaýdaky öňdebaryjy barlag merkezleriniň we beýleki ýurtlardan bolan hyzmatdaşlaryň gatnaşmagyndaky halkara başlangyçdyr. Teleskopyň ýüze çykaryş meýdany birnäçe kub kilometr suw bolar, bu bolsa Älem baradaky bilimlerimizi ep-esli giňelder. Alnan maglumatlar kosmiki şöhleler, gara deşikler we garaňky materiýalar barada täze açyşlaryň açary bolup biler.Gurluşyk 2030-njy ýyla çenli doly tamamlanar diýlip garaşylýar.
Belki Seytakow adyndaky Mugallymcylyk mekdebinin talyby
Atayewa Hesel