Bir teňňe ululygyndaky batareýa 3 wolt energiýa bilen üpjün edýär we zarýad berilmezden 50 ýyl işlemegini dowam edip biler.
Batareýanyň kuwwatlylygy
Hytaýyň Betavolt kompaniýasy BV100 kiçi ýadro batareýasyny köpçülikleýin öndürip, energiýa bazaryny özgertdi. Şaý pul ölçegindäki elektrik üpjünçiligi 3 wolt energiýa öndürýär we zarýad berilmezden 50 ýyl işläp bilýär.
Aýratyn tapawutlanýan taraplary
Adaty batareýalardan tapawutlylykda, BV100 nikel-63 atly radioaktiw izotop ulanýar, ol ýuwaş-ýuwaşdan durnuksyz misde çüýräp, energiýa goýberýär. Bu prosesiň adamlar üçin howpsuzdygy, radiasiýanyň enjamyň içinde doly goralýanlygyndadyr.
Batareýanyň çydamlylygy
Batareýa 100 mikrowatt energiýa öndürýär — kän däl, ýöne datçikler ýa-da lukmançylyk implantlary ýaly kiçi enjamlary işletmek üçin ýeterlik. Munuň syry tehnologiýada: bölejikleriň çüýremeginden alynýan energiýa göwherli ýarymgeçirijileri ulanyp elektrik toguna öwrülýär. Bu, batareýany -60 ° C-den + 120 ° C-e çenli bolan aşa gyzgynlyga çydamly bolýar bu bolsa kosmosda ýa-da agyr şertlerde ulanmaga mümkinçilik döredýär.
Betavolt kompaniýasy bu oýlap tapyşynyň batareýany ýygy-ýygydan çalyşmak zerurlygyny aradan aýyrmak bilen pudagy üýtgedip biljekdigini aýdýar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby
Rejepow Nurmyrat