Hytaý, tehnologiýa dünýäsi ýene bir möhüm wakanyň şaýady boldy. Ýurduň ösen robot öndürýän kompaniýasy “Deep Robotics” indiki ösüşini — islendik howa şertlerinde işläp bilýän DR02 gumanoid robotyny hödürledi.
Täze model diňe bir adama meňzeş däl, eýsem hereket etmek we aýdyň pikirlenmek ukybyna hem eýedir. Hünärmenler DR02 modeliniň kuwwatly motor ulgamyny, ýokary öndürijilikli hasaplaýyş bölümini we netijeliligini ýokarlandyrýan modully gurluşy birleşdirýändigini aýdýarlar. Şol bir wagtyň özünde, robotyň “beýni merkezi” hökmünde çykyş edýän emeli intellekt bölümi täze nesil algoritmlerini ulanýar.
Modeliň artykmaçlygy
Bu gumanoidiň iň uly artykmaçlyklaryndan biri, onuň suwa we tozana garşylygydyr. DR02 IP66 derejesinde goralýar, bu diňe bir laboratoriýada ýa-da ofis şertlerinde däl, eýsem açyk ýagyşly şertlerde hem işläp biljekdigini aňladýar. Kompaniýanyň wekilleri robotyň -20-den 55 gradusa çenli temperaturada işläp biljekdigini aýdýarlar. Bu gurluşyk, senagat, logistika we hatda halas ediş işlerinde ulanylmaga mümkinçilik berýär.
Robodyň gurluşy
Boýy 175 santimetr bolan gumanoid daşky görnüşi boýunça orta ýaşly adama meňzeýär. Goluň uzynlygy 68 santimetr bolup, adam tebigy hereketlerine ýakyn çuňňur hereketlendirijilik ukybyny üpjün edýär. Netijede, robot adamlar bilen bilelikde işlemek üçin uýgunlaşdyryldy.
“Deep Robotics” -iň wekilleri kompaniýanyň esasy maksadynyň adam zähmetini ýeňilleşdirmek we howply ýerlerde adamlary howpsuz tehnologiýa bilen çalyşmakdygyny aýdýarlar. Şonuň üçin DR02 ýakyn ýyllarda önümçilikde, gurluşykda we hatda lukmançylyk edaralarynda synagdan geçirilmegi meýilleşdirilýär
Amanmyradowa Altyn
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň dolandyrylyşy we guralyşy kafedrasynyň mugallymy O.Hallyýewanyň talyby



