«BMW Group» kompaniýasy täze «BMW M3 Touring» herbabyny (uniwersalyny) 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek «BMW M Festival» çäresinde tanyşdyrjakdygyny habar berdi.
Maglumatlara görä, täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär. Täze «BMW M3 Touring» herbabynyň dizaýny has güýçli we dinamiki görnüşde jemlenipdir. Kuzowdaky has anyk çyzyklar we giňeldilen teker arkalary sport häsiýetini güýçlendirýär. Salonda bolsa gyzyl bellikli täze sporty rul, gara bezeg elementleri hem-de «iDrive 8.5» ulgamynda işleýän 12,3 we 14,9 dýuým ölçegli iki sany sanly ekran ýerleşdirildi.

«BMW M3 Touring» herbaby 3,0 litrlik, goşa turbina bilen enjamlaşdyrylan alty silindrli hereketlendiriji bilen çykarylýar. Adaty wersiýanyň kuwwaty 353 kWt (480 at güýji), yzky teker hereketli. «Competition» wersiýasy 375 kWt (510 at güýji) öndürýär. Iň güýçli «MxDrive» modifikasiýasy 390 kWt (530 at güýji) berýär we ähli teker hereketli. Ähli wersiýalar 8 tizlikli «M Steptronic» transmissiýasy bilen üpjün edilýär.
Täze model sagatda 100 km tizlige bary-ýogy 3,6 sekuntda ýetýär. Bu ýagdaý bolsa «BMW M3 Touring»-i dünýäniň iň çalt herbaplarynyň (uniwersallarynyň) hataryna goşýar.
«BMW Group» kompaniýasynyň beýanyna görä, täze «BMW M3 Touring» sport dinamikasyny, maşgala üçin amatly giňişligi we gündelik ulanmak üçin rahatlygy üstünlikli utgaşdyrýar, bu bolsa tizligiň we tejribäniň deňagramlylygynyň täze derejesini görkezýär.




