Hytaýda Ýer ýüzündäki energiýanyň geljegini üýtgedip biljek ägirt uly taslamalaryň biri hökmünde täze ýadro-termosintez reaktory gurulýar. Ýadro birleşmesi arkaly çäksiz «arassa» energiýany öndürmeklik üçin niýetlenen bu reaktor «emeli Gün» diýlip atlandyrylýar we ony 2027-nji ýylda işe girizmek meýilleşdirilýär.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mao Ning, şenbe güni X platformasynda paýlaşan habarynda, BEST (Burning Plasma Experimental Superconducting Tokamak/ Ýokary geçirijilikli ýanýan plazma tejribe reaktory) diýlip atlandyrylýan bu reaktoryň ýurduň gündogaryndaky Anhoý welaýatynyň Hefeý şäherinde gurulýandygyny aýtdy. Metbugat wekiliniň sözlerine görä, BEST taryhda birleşmek arkaly elektrik energiýasyny öndüren ilkinji reaktor bolup biler.
BEST (Burning Plasma Experimental Superconducting Tokamak/Ýokary geçirijilikli ýanýan plazma tejribe reaktory) atly täze ýadro-termosintez reaktorynyň «Emeli Gün» adyny almasy hem ýöne ýere däldir. Çünki, bu reaktor Günüň içindäki ýaly ýadro sintezi kadasynyň esasynda işleýär. Iş prosesiniň dowamynda bolsa wodorodyň ýadrolary birleşip, gelini emele getirýär, şonuň netijesinde-de uzak möhletleýin radioaktiw galyndy döretmän energiýa bölünip çykýar.
Reaktordaky sintez prosesi Tokamak görnüşindäki enjamda amala aşyrylýar, ol ýerde plazma Selsiý boýunça 150 million gradus derejesindäki temperaturadan hem ýokary gyzdyrylýar — bu Günüň ýadrosynyň temperaturasyndan hem ýokarydyr. Maksat — atom ýadrolarynyň birleşmegini üpjün edip, elektrik energiýasyny öndürmekdir.
BEST taslamasy Hytaýyň termo ýadro energiýasy boýunça alyp barýan barlaglarynyň dowamydyr. 2021-nji ýylda EAST (Experimental Advanced Superconducting Tokamak) tejribe reaktory plazmany Selsiý boýunça 120 million gradus derejesindäki temperaturasyna çenli gyzdyryp, ony 101 sekunt saklamagy başardy we dünýä rekordyny goýdy.
Täze taslama diňe barlag maksatlary üçin däl, eýsem hakyky elektrik energiýasyny öndürmek üçin hem niýetlenendir. Bu taslama arkaly Hytaý işleýän «emeli Gününi» döreden ilkinji ýurt bolup biler we durnukly energetika tarap ýol açar.