Hytaýly alymlar iýmitiň ajylylygyny kesgitläp bilýän emeli diliň prototipini döretdiler. Bu sensorda alymlar guradylan süýdi peýdalandylar — sebäbi süýt kapsaisin bilen birleşip, onuň “ýakýan” täsirini gowşadýar.
Barlagyň netijeleri ACS Sensors žurnalynda çap edildi. Alymlar bu işiň tagam duýujylygyny seljermek üçin göçme enjamlarda ýa-da duýuş reseptorlary zeperlenen (meselem, tagam duýyjylygyny ýitiren) näsaglarda ulanylmagyna mümkinçilik berip biljekdigini belleýärler.
Emeli diller şu wagta çenli süýji we umami tagamlaryny tapawutlandyryp bilýärdi. Hytaýly alymlar bolsa bu gezek ajy tagamy duýup bilýän “dil” döretdiler. Munuň esasynda süýtdäki kazein beloklarynyň kapsaisin bilen birleşip onuň täsirini peseltmek ukyby ýatyr.
Barlagyň dowamynda alymlar ýagdan arassalanan süýdi akril kislotasy we holin hloridy bilen garyşdyryp, bu garyndyny ultrabegen şöhlelenmä sezewar etdiler. Netijede elektrik toguny geçirip bilýän gel aldylar. Alymlar bu geliň üstüne kapsaisin damdyrylanda, elektrik togunyň güýjüniň peselýändigini gördüler.
Synagda sekiz görnüşli burç we sekiz sany dürli ajy önüm barlanyldy. Tok görkezmelerindäki üýtgeşmeler adam synagçylaryň baha berişleri bilen gabat geldi.
Sensoryň duýujylygy örän giň aralygy öz içine alýar — adamyň duýup bilmejek derejeden başlap, agyry derejesinden hem ýokary bolan ajylyga çenli reaksiýa berýär.
Mundan başga-da, bu emeli dil diňe kapsaisini däl, eýsem zenjebil, gara burç, sarymsak we sogan ýaly beýleki ajy maddalary hem tanap bilýär.
Täze enjam ajy naharlaryň derejesini ölçemekde, tagamçylara mätäç bolmazdan, azyk önümçiliginde giňden ulanylyp bilner.




