Her ýyldan ýyla köplenç awtoulag söýüjiler elektrokar saýlaýarlar: Halkara energetika agentliginiň habaryna görä (HEA), 2023-nji ýylda satylan awtoulaglaryň her bäşinjisi elektrikdi.
Elektromobil – ekologiýa taýdan iň amatly transport görnüşidir. Ol daşky gurşawy hapalamaýar we tükenmeýän baýlyklary goramaga mümkinçilik berýär.
Bu gün elektrobus bilen hiç kimi geň galdyryp bilmeýäris, ýöne 1900-nji ýylda, Sankt-Peterburgyň köçelerinde ol täsir galdyrýardy. Birinji jemgyýetçilik elektrotransporty, Ippolit Romanow oýlap tapdy. Bu bolsa şol döwüriň hakyky üstünligi boldy. Elektrik awtobusa 15 adama çenli sygýardy, ol ýumşak asgyçly we tekiz hereketlidi. Romanowanyň birinji elektrobusy bir ýarym tonna agramly we sagatda 11 kilometre çenli tizlik ýöräp bilýärdi. Häzirki wagtda taryhçylar näme üçin Ramanowyň elektrobusy at arabalarynyň ýerini tutup bilmeýändigini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Ilkinji elektromobil örän ir ýagny 1881-nji ýylda peýda boldy.Ol Fransuz Gýustaw Truwe tarapyndan ýygnaldy. Has dogrusy, ony entegem doly ykrar edilen awtoulag diýip atlandyryp bolmaz. Bu üç tigirli apparat – trisikldi. Şeýle-de bolsa, birnäçe ýyl soňra bir wagtyň özünde Angliýada we Germaniýada ilkinji dört tigirli elektrik awtomobiller peýda boldy. Britan ekipažynyň oýlap tapyjysy Magnus Folkdy, nemeslaryňky bolsa- Andreas Floken.
Häzirki zaman jemgyýetçilik elektrik ulaglary XX asyryň başynda ýüze çykdy. 1907-nji ýylda London Electrobus kompaniýasy iňlis paýtagtynda adaty elektrik ulagyny açdy. Olar bir zarýadda 64 kilometre çenli syýahat edip bildiler. Batareýa zarýadmak üçin ýeterlik däldi, şonuň üçin ulanylan batareýalary täzesine çalyşýardylar.
Şäher gurşawynda ekologiýany gowulandyrmak her bir adamyň elindedir. Meselem, hususy awtoulagyňyzy diňe gerekli wagty ulanyp galan wagtlar jemgyýetçilik ulaglaryny ulanmak. Yssy günlerde hem hususy awtoulaglary tigir bilen çalyşmak. Şeýle seredenimizde bu bir wajyp zat däl ýaly görünsede, ekologiýa adam tarapyndan ýetirilýän zyýany kemeltmäge täsir edýär.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby