Ilon Mask «Grokipediýa» ady bilen täze onlaýn ensiklopediýany işe girizdi. Onuň sözlerine görä, bu ensiklopediýa emeli aň tehnologiýasyna esaslanýar we häzirki döwürde iň öňde baryjy çeşme hasaplanýan «Wikipediýa» bilen deňeşdirilende, Maskyň has konserwatiw syýasy garaýyşlaryna esaslanmagy maksat edinilýär.
Geçen aý Mask «Wikipediýa» bilen bäsleşjek täze taslama barada yglan edipdi. Ol «Wikipediýany» käbir habarlary «The New York Times» we «NPR» ýaly neşirlerden alýandygy üçin tankyt edipdi. Maskyň aýtmagyna görä, emeli aň tarapyndan döredilen «Grokipediýa» adamzat üçin örän möhüm bolar we bu ädim «Äleme düşünmegiň» ýolunda möhüm tapgyr hasaplanýar.

«Grokipediýanyň» işleýiş tertibi «Wikipediýadan» käbir möhüm aýratynlyklarda tapawutlanýar: esasy tapawut — awtorlaryň açyk görkezilmeýändigidir. «Wikipediýanyň» mazmuny meýletin, käwagt atsyz redaktorlar tarapyndan ýazylsa, «Grokipediýa» maglumatlarynyň hakykata laýyklygy «Grok» atly emeli aňly chat-bot tarapyndan barlanýandygyny öňe sürülýär. Ulanyjylar sahypalary göni üýtgedip bilmeýärler, ýöne nädogry maglumat barada habarnama ugratmak arkaly teklip berip bilýärler.
Ilkibaşda käbir «Grokipediýa» makalalarynda olaryň «Wikipediýa» maglumatlaryna esaslanandygy görkezilýär. Hatda käbir sahypalaryň mazmuny «Wikipediýadaky» degişli ýazgylar bilen sözme-söz meňzeş bolup görünýär. Emma, Mask «Grok» ulgamynyň ýylyň ahyryna çenli «Wikipediýa» sahypalaryny çeşme hökmünde ulanmagyny bes etmegini isleýär.
Mazmun taýdan hem «Grokipediýa» bilen «Wikipediýanyň» arasynda käbir tapawutlar bar. Meselem, «Grokipediýadaky» Donald Tramp baradaky makalada Trampyň Katardan alan baý uçary ýa-da onuň kriptowalýuta bilen bagly mem-moneta meýilnamasy barada maglumat ýok, emma «Wikipediýada» bu zatlar onuň «gyzyklanma gapma-garşylyklary» bölüminiň içinde beýan edilýär.



