Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan «Neuralink» kompaniýasy «Blindsight» implantatynyň ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine gözegçilik müdirliginiň (FDA) «öňdebaryjy enjam» statusyna eýe bolandygyny aýtdy. Bu status ömre howp salýan ýagdaýlary bejermäge gönükdirilen lukmançylyk enjamlaryna berilýär. Statusyň berilmegi enjamlaryň işlenip taýýarlanyşyny we synagdan geçirilişini çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, «Reuters» habar berdi. Bu täzeligi neşiriň maglumatlaryna salgylanylyp, «Biznes reklama» gazetiniň şu günki — 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabryndaky №39 (1346) belgili sanynyň 7-nji sahypasynda habar berildi.
«Neuralinkiň» «Blindsight» enjamy iki gözüni we görüş nerwisini ýitiren adamlara-da görmäge mümkinçilik berer. Görüş korteksiniň zaýalanmazlygy şerti bilen, hatda dogluşdan körlere-de ilkinji gezek görmäge mümkinçilik berer. Eger görüş gabygyna zeper ýetmedik bolsa, ol dogabitdi körlere hem görmäge mümkinçilik berer. Görşüň, ilki atari grafikasy ýaly, durulygy pes bolar, ýöne soňlugy bilen, ol tebigy görüşdenem has gowulaşyp biler we infragyzyl, ultramelewşe ýagdaýda tolkunlaryň uzynlygyny radiolokasion diapazonda görmäge mümkinçilik berer» diýip, Ilon Mask gürrüň berdi.
Neuralink adamda synaglaryň haçan başlanjagynyň takyk wagtyny mälim etmedi, ýöne bu ädim işläp taýýarlaýyşda möhüm tapgyry alamatlandyrýar. Kompaniýanyň eýýäm ysmaz hassalarda olara pikiriň güýjüni ulanyp, enjamlary dolandyrmaga mümkinçilik berýän beýni implantasiýalaryny synag edip görýändigini ýatladýarys. Mask we inženerler topary tarapyndan 2016-njy ýylda esaslandyrylan Neuralink kellesine ýerleşdirilip bilinjek beýni çip interfeýsini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar. Bu, ahyrky netijede, maýyp näsaglara täzeden hereket etmäge we aragatnaşyk saklamaga, şeýle hem görüşlerini dikeltmäge kömek edip biler diýip, kompaniýada habar berýärler.