Dünýäniň iň köp ulanylýan elektron poçta hyzmaty bolan Gmail, 2004-nji ýylda işe girizilenden bäri ulanyjylaryň iň köp garaşan aýratynlygyny ahyryn hödürledi. Google kompaniýasy tarapyndan berlen resmi beýanata görä, ulanyjylar indi bar bolan Google hasaplaryny öçürmezden we hiç hili maglumat ýitirmezden Gmail adreslerini (ulanyjy adyny) göni üýtgedip bilerler diýip öň hem bu habar hakynda belläp geçipdik. Bu ulgam arkaly täze e-poçta adresi almak üçin noldan täze hasap açmak zerurlygy aradan galdyrylýar.
Ähli maglumatlar we Google arhiwleri goralyp saklanar

Öňki ulgamda ulanyjylar diňe profildäki adyny üýtgedip bilýärdiler, emma «@gmail.com» uzaltmasynyň öňündäki esasy ulanyjy adyny üýtgetmek gadagandy. Täze goldaw ulgamy bu kynçylygy doly çözýär. Salgy üýtgedilen wagtynda ulanyjynyň hasabyndaky şu aşakdaky ähli sanly maglumatlar awtomatiki usulda goralyp saklanar:
- Öňki Gmail hatlary we arhiwleri,
- Google Drive bulut saklaryndaky ähli faýllar,
- Google Foto we arhiw suratlary,
- Google Senama (Takwim) we hasap sazlamalary.
- Köne Gmail adresi öçürilmeýär: Alternatiw poçta hökmünde galar
Täze ulgamyň iň esasy aýratynlyklaryndan biri hem, öňki ulanylan Gmail adresiniň ulgamdan doly öçürilmezligidir. Google-yň düşündirişine görä, köne adres hasapda «alternatiw e-poçta adresi» hökmünde saklanmaga dowam eder.
Aşakdaky düwmä basyp, Google Discover arkaly biziň ýörite seljerme we iň soňky täzeliklerimizi yzarlaň.
Şonuň netijesinde, ulanyjynyň öňki adresine iberiljek ähli täze hatlar hem awtomatiki usulda täze açylan poçta gutusyna gelip gowşar. Şeýle hem ulanyjylar köne adresleri arkaly hem öz Google hasaplaryna girmäge dowam edip bilerler.
Salgy üýtgetmegiň esasy düzgünleri we çäklendirmeleri
Google bu ulgamda howpsuzlygy we hyraçlygyň öňüni almak üçin käbir berk düzgünleri girizdi. Täze kadalara görä:
- Gmail adresini diňe 12 aýda (1 ýylda) bir gezek üýtgetmäge rugsat berilýär,
- Bir hasapda jemi iň köp 3 gezek täze Gmail adresi döredilip bilner,
Başga bir ulanyjy tarapyndan alnan adresleri saýlamak mümkin däl we köne adresler başga adamlar tarapyndan gaýtadan alynmaz ýaly petiklenip saklanar.
Gmail adresi nädip üýtgediler?
Täze aýratynlykdan peýdalanmak isleýän ulanyjylar şu aşakdaky ädimleri yzygiderli ýerine ýetirmelidirler:
- Google Hasaby (Google Account) sahypasyna giriň,
- Çep tarapdaki menudan Şahsy maglumatlar bölümini açyň,
- Aragatnaşyk maglumatlary böleginden E-poçta diýen ýerine giriň,
- «Google Hasaby e-poçta salgysy» bölümini açyň we «Google Hasaby e-poçtasyny üýtget» düwmesine basyň,
- Ulanyp biljek täze Gmail adresiňizi ýazyň we tassyklama amallaryny tamamlaň.
Google bu aýratynlygyň häzirki wagtda dünýä boýunça tapgyrlaýyn paýlanýandygyny, şol sebäpli käbir ulanyjylara bu funksiýanyň biraz gijiräk elýeterli bolup biljekdigini mälim etdi.


