Google, ýakynda ulanyjylara kompýuterler üçin Android tabynlygyndaky täze operasion ulgamyny hödürlemäge taýýarlanýar. “Aluminium OS” adyny göterjek bu täze platforma, ChromeOS we Android-i ýeke-täk ulgamda birleşdirip, kompýuterlerde düýbünden tapawutly tejribäni bize ýetirer.
Aluminium OS näme?
Aluminium OS (gysgaça ALOS), Google-yň diňe bir ulgamlary birleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem kompýuter dünýäsini “Emeli aň” (AI) bilen gaýtadan gurmak taslamasydyr. Syzdyrylan iň soňky maglumatlara görä, Android 16 tabanynda gurulýan bu ulgamyň merkezinde Google-yň Gemini emeli aňy ýerleşer.
Maksat, Windows we macOS ulgamlarynyň agalyk edýän bazarynda, hem akylly telefonlarda hem-de noutbuklarda bökdençsiz işleýän bitewi bir ekoulgam döretmekdir. Bu täze ulgamyň ilkinji wersiýalarynyň şu ýylyň ahyrynda peýda bolmagy, doly we giňişleýin çykyşynyň bolsa 2028-nji ýyla çenli dowam etmegi garaşylýar.
Syzdyrylan diwar kagyzlary näme diýýär?

Android Authority tarapyndan paýlaşylan täze habarda, Aluminium OS-yň ilkinji diwar kagyzlary peýda boldy. Bu dizaýnlar ulgamyň nähili boljakdygy barada käbir yşaratlary berýär:
- Janly we abstrakt dizaýn: Taslamalar magenta, birýuza, mämişi we goýy gök ýaly janly neon reňkli abstrakt görnüşlere esaslanýar.
- Uýgunlaşýan (Adaptive) interfeýs: Diwar kagyzlary “uýgunlaşýan” we “Chromebook” diýlip iki topara bölünýär. Açyk we garaňky (Dark Mode) tema aýratynlyklarynyň bolmagy, Google-yň ulanyjy islegine görä üýtgeýän interfeýse uly üns berýändigini görkezýär.
- Täzeçil çemeleşme: Google adaty tebigat suratlarynyň ýerine, has batyrgaý we atmosferik dizaýnlary saýlapdyr. Bu bolsa ChromeOS ulanyjylarynyň endik eden zatlaryndan has üýtgeşik we döwrebap çemeleşmedir.
Bu syzdyrylmalar, Aluminium OS-yň ösüş tapgyrynyň çalt we ynamly dowam edýändiginiň iň aýdyň subutnamasydyr.


