Intel, aýratyn-da noutbuklaryň oýun öndürijiligini güýçli derejede artdyryp biljek täze grafiki tehnologiýasy XeSS 3-i hem-de onuň bilen bilelikde işleýän Multi-Frame Generation (MFG) aýratynlygyny tanyşdyrdy. Bu tehnologiýa, emeli intellekt arkaly döredilen kadrlar bilen oýundaky FPS (sekuntda görkezilýän kadr sanyny) 4 esse çenli artdyryp bilýär.
Bu bolsa, bir hakyky kadr bilen beýleki hakyky kadr aralygyna 3 sany emeli akyl bilen döredilen kadr girizilýär diýmekdir. Intel-iň bu ýerde iň uly tapawudy – bu tehnologiýany diňe täze enjamlara däl, eýsem öňki nesil Arc grafiki kartlaryna-da elýeterli etmegidir. Şeýlelik bilen, ulanyjylar täze grafiki kart satyn almana-da, bu täze tehnologiýanyň peýdasyny görüp bilerler.
Täze XeSS 3 haçan elýeterli bolar?
Intel bu tehnologiýanyň takyk çykýan senesini heniz habar bermedik. Ýöne 2026-njy ýylyň başynda çykjak Panther Lake prosessorlary bilen bilelikde hödürlenmegine garaşylýar. Bu prosessorlarda ýerleşjek Xe3 grafik bölümi öňki nesilden 50% çemesi has çalt bolar. Munuň özi esasan hem göterilýän oýun kompýuterlerinde we inçe noutbuklarda tygşytly, ýöne güýçli oýun tejribesi berer.
Intel şeýlelik bilen, bu tehnologiýany öňki nesil grafiki kartlara-da getirýän ilkinji grafiki kart öndürijisi bolýar. NVIDIA bu aýratynlygy diňe täze RTX 5000 seriýasy üçin elýeterli edýär. AMD bolsa, entek bu köp kadr öndürijilik tehnologiýasyna goşulmady. Ýöne “Redstone” kodly täze FSR tehnologiýasy bilen AMD-niň hem ýakyn wagtda bu ugurda ädim ätmegine garaşylýar.
Bu makalany peýdaly gördüňizmi?Derrew täzelikleri almak üçin Google-da Gorogly.com-y yzarlaň.
+ Yzarlaň


