Hususy «Cult of Mac» blogyň žurnalistleri iPhone bilen işleşmegi ýeňilleşdirýän gizlin hereket barada maglumat berdiler. Makala media saýtynda çap edildi.
Awtorlar iOS-da birnäçe elementi birden saýlamaga mümkinçilik berýän ýörite jest tapandygyny belläp geçdiler. Olar ony gurnalan messenjer we iMessage SMS hyzmatynyň mysalynda görkezdiler. Maglumatlara görä, ekranynyň aşagyndan iki barmak bilen ýokary ýana süýşürilende, birnäçe haty bir wagtda saýlamak mümkin bolýar.
«Iki barmakly hereketi özleşdireniňizden soň, hemme ýerde ulanarsyňyz» – diýip, höwesjeňler açyşlary bilen buýsandylar. Olar aýratyn üns çekdiler: bu hereketiň kömegi bilen bir gezek degilende birnäçe haty saýlamaga, soňra bolsa olary okalan ýa-da pozulýan diýip bellemäge mümkinçilik berýändigini bellediler.
Şeýle hem, bu hereketiň iOS-a gurnalan beýleki hyzmatlarda hem işleýändigini mälim boldy. «Poçta» programmasynda birden birnäçe elektron haty saýlap bolýar, «Ýatladyjylar» — bellikleri, «Bellikler» — tekst resminamalaryny, «Faýllar» — islendik elementleri, «Telefon» — jogapsyz jaňlary, sesli habarlary we kontaktlary saýlamaga mümkinçilik berýär.
Mundan öň Windows 11 operasion ulgamyna internediň tizligini barlamak üçin gurnalan kömekçi enjam goşuldy. Ol üçünji tarap programmalary ulanmazdan, internet birikmäňiziň hilini barlamaga mümkinçilik berýär.
Windows 11 ulanmaýan bolsaňyz ýa-da islendik enjamdan (telefon, planşet, Mac) internet tizligiňizi birjik-de wagt yitirmän barlamak isleseňiz, Gorogly-nyň täze hyzmaty bolan [speedtest.gorogly.com] sahypamyza girip bilersiňiz!”



