Ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply ulaglary bilen meşhurlyk gazanan «Jeep» kompaniýasy «Grand Cherokee 4xe» awtoulagyny 2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda tanyşdyrdy. Ol ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Bu barada «ixbt.com» neşiri habar berdi.
Awtomobil 2,0 litrlik hereketlendiriji we jemi 374 at güyjüni öndürýän iki sany elektrik hereketlendirijiler üpjün edilipdir. Bu bolsa onuň iň kuwwatly gibridleriň biri boljakdygyny aňladyar.
Ulagyň dizaýny häzirki «Grand Cherokee» awtomobiline meňzeş bolar. Bu bolsa onuň öňünde kompaniýanyň önümlerine mahsus bolan «haýbatly» gözenekleriň boljakdygyny aňladýar. Ulagyň içindäki aýratynlyklaryň ýakyn wagtlarda belli boljakdygy habar berilýär.