Jeff Bezos kompýuterleriň, awtoulaglaryň we kosmos gämileriniň dizaýny üçin emeli aň (EA) tehnologiýalaryny ösdürmäge gönükdirilen
Prometheus kompaniýasynyň işe girizilmegi bilen resmi taýdan dolandyryşa gaýdyp gelýär. Startap eýýäm 6,2 milliard dollar maýa goýum çekdi, onuň ep-esli bölegi bolsa Bezosyň özünden gelipdir.
Bezos kompaniýanyň bilelikdäki ýerine ýetiriji direktory (co-CEO) bolar. Bu bolsa onuň 2021-nji ýylda Amazondan gidenden soň ilkinji gezek täze kompaniýanyň dolandyryşyna gönüden-göni gatnaşýandygyny tassyklaýar. Ikinji baş direktor we esaslandyryjy — fizik we himik bolan, öň Larry Page bilen işlän Wik Badjajdyr.
Häzirki wagtda Project Prometheus toparynda OpenAI we DeepMind ýaly guramalarda işlän ýöriteleşen hünärmenleri hem öz içine alýan takmynan 100 adam bar. Bu hem startapyň öňdebaryjy emeli aň tehnologiýalary bazaryndaky uly maksatlaryny görkezýär.
Taslamanyň esasy maksady inženerçilik hasaplamalaryny çaltlaşdyryp, çylşyrymly taslamalary awtomatlaşdyryp bilýän hem-de mikroelektronikadan başlap kosmos gämilerine çenli ýokary tehnologiýaly önümleri döretmek döretmek prosesini optimizirleýän modelleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.
“Prometheus”-yň geljekde inženerçilik we senagat önümçiligi ugrundaky ösüşlerde emeli aň integrasiýasy üçin esasy platformalaryň birine öwrülip biljekdigine ynam bildirilýär.



