Ýaponiýanyň Tohoku uniwersitetiniň alymlary magniniň esasynda ekologik taýdan howpsuz ýokary öndürijilikli batareýany döretdiler.
Batareýany işjeňleşdirmek üçin adaty suw gerek — howadan suw we kislorod bilen täsir edýän magniý elementine esaslanýar. Şeýle batareýany gaýtadan işlemek aňsat we teoretiki taýdan islendik geýilýän enjamlarda ulanylyp bilner. Batareýa bitarap elektrolit we ygtybarly, ýokary netijeli pigment esasly elektrokatalizator ulanýar.
Kagyz batareýasy magniý folga kagyz bilen ýapyşyp, katod katalizatoryny, şeýle hem batareýanyň ters tarapynda gaz diffuziýa gatlagyny emele getirýär. Bu görnüşde öndürilen batareýa, 1.8 V naprýaženiýesini we 1sm² üçin dykyzlygy 100 mA we iň ýokary kuwwatlylygy 103 mWt üpjün etmek üçin synag edildi.
Kagyz batareýasynda ulanylýan materiallaryň howpsuzlygy hem synagdan geçirildi we tassyklandy. Iň kyn zat, işjeňleşdirme prosesinde batareýany suw bilen doldurmak üçin kapilýar mehanizm döretmekdi, şonuň üçin magniý suw bilen täsirleşip başlady we elektronlardan we ionlardan ýüz öwürdi. Alymlar bu meseläni üstünlikli tamamladylar we magniý howa batareýalarynyň birnäçe amal üçin litiý batareýalaryna has laýykdygyna ynanýarlar.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby