Kia kompaniýasy elektrikli EV4 GT awtoulagynyň güýçlendirilýän wersiýasynyň ilkinji suratlaryny çap etdi. Bu model indiki ýylda satuwa çykarylar diýlip garaşylýar.
Suratlarda elektrik ulaglaryny barlamak üçin ýörite döredilen täze korporatiw kamuflýaž reňkinde bäş gapyly model görkezilýär.

Täze aýratynlyklaryň arasynda — başga görnüşdäki tigir diskleri, öň bamperdäki täzeden işlenip düzülen howa girişleri we has uly diffuzor bar. Mundan başga-da, suratlaryň birinde giňeldilen gapdal goldawly oturgyçlaryň salonda ýerleşdirilendigini görmek bolýar.
Çak edilmegine görä, Kia EV4 GT iki elektrik hereketlendirijiden durýan ulgam bilen üpjün ediler, olaryň umumy güýji 400 at güýjünden ýokary bolar. Mundan başga-da, elektrikli ulagda täzeden sazlanan şassi we dolandyryş ulgamy, şeýle hem, geçiriji ätiýaçly ulgam arkaly tizlik geçirişleriniň imitasiýasy ýerleşdiriler.




