«Kia K5» awtoulagynyň 2025-nji ýyl üçin niýetlenen nusgasynyň resmi tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada «ixbt.com» web saýtynda habar berildi.
Täze nusga «Kia» markasynyň beýleki sedanlarynyň daşky görnüşini aldy. Şeýlelikde, öňki we yzky çyralar kämilleşdirildi. Howa geçiriji gözenekler ulaldyldy we 19 dýuýmlyk ýeňil diskler ornaşdyryldy.
«Kia K5» ulagynyň salonynda 12,3 dýuýmlyk ekranlar ýerleşdirildi. Onuň üstüni görünmeýän zolaklara gözegçilik datçikleri, panorama ulgamy we beýleki mümkinçilikler ýetirýär.
Mundan başga-da, öňki oturgyçlary gyzdyryjy, düwmeleri işe giriziji, 7 mümkinçilikli «JBL» ses ulgamy hem-de ykjam telefonlar üçin geçirijisiz energiýa beriş bölümi peýda boldy.
Täze nusganyň gabarasynyň ölçegi — 4980 x 1860 x 1445 mm. Onuň tigir binýady bolsa 2990 mm barabardyr. Awtoulag modeliň ozalky nesliniň hereketlendirijisini aldy. Onuň 1,5 hem-de 2 litrlik hereketlendirijili nusgalary hödürlenilýär.