Kia PV5 elektrik furgony doly ýük bilen synagdan geçirilen satlykdaky elektromobilleriň arasynda iň uzak ýol geçýän ulag hökmünde ykrar edildi. Model bir zarýadda 693,38 kilometr geçendigi üçin resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Geçirilen ýöriş 30-njy sentýabrda amala aşyryldy, emma onuň netijeleri häzir mälim edildi. Synagda 71,2 kWt⋅s akkumulýatorly PV5 wersiýasy gatnaşdy. WLTP ölçegine laýyklykda, onuň bir zarýaddaky hereket ätiýajy 416 kilometr, synagda ulanylan modifikasiýanyň göterijilik ukyby bolsa 665 kilogram boldy.

Kia kompaniýasynyň habar bermegine görä, synaglar hakyky ýol şertlerinde geçirildi. PV5 üçin Frankfurt şäheriniň golaýynda uzynlygy 58 kilometr bolan halka görnüşli ugur taýýarlandy. Bu ýol ugruna ýol geçiş nokatlary, ulag geçelgeleri, şäher akymy bolan bölekler we belentlik-düşgünlik tapawutlary girýärdi. Jemi furgon bu ugry diýen ýaly 12 gezek aýlady.

Kia PV5 elektrik furgonynyň uzynlygy 4,7 metr, teker bazasy 3 metr, ýük bölüminiň göwrümi 4,4 kub metre çenli, iň uly göterijilik güýji bolsa 790 kilogram. Geljekde kompaniýa has elýeterli akkumulýatorly we has giň ýük bölümi bolan wersiýalary çykarmagy meýilleşdirýär.




