Kompýuter bu iňlis sözi bolup, ol hasaplamak, maglumatlary gaýtadan ișlemek üçin niýetlenen tehniki serișdedir. Häzirki wagtda dünýäde ýüzlerçe million șahsy kompýuterler gündelik durmușda ulanylýar.Șahsy kompýuterler esasy şu böleklerden ybarat: monitor, ulgamlaýyn blok, klawiatura, syçan. Kompýuteriň ýüregi bolup, onuň ulgamlaýyn bogy hyzmat edýär. Ulgamlaýyn blok we monitor tok çeșmesine birikdirilýär. Ulgamlaýyn blok enelik platany, mikroprosessory, operatiw ýady, elektron shemalary, çeýe we gaty magnit diskler görnüșindäki toplaýjylary, tok geçirijileri özünde saklaýar.
Șahsy kompýuterler ișleýiș tizlikleri, operatiw ýatlary we içki ýadynyň sygymy bilen tapawutlanýarlar. Ondan bașga-da șahsy kompýuterler bir-birinden mikroprosessoryň görnüși bilen hem tapawutlanýarlar.
Enelik plata – bu kompýuterdäki esasy elektron desgadyr. Ol șahsy kompýuteriň ähli elektron böleklerini baglanyșdyryp, șolaryň arasyndaky maglumat çalșygyny üpjün edýär. Enelik platada diňe esasy ýerine ýetiriji bölekler ýerleșdirilýär we galan bölekler aýratyn gurlușlarda bejerilip, enelik platada ýörite gurnalan birleșdirilýän höwürtgä dakylýar.Kompýuterdäki bar zatlaryň hemmesi enelik plata birikdirilýär. Enelik platany häsiýetlendirýän esasy bölekleriň biri çipset diýlip atlandyrylýan mikroshemadyr. Ulanylýan çipsetiň görnüși boýunça enelik platanyň nähili enjam bilen ișläp bilýändigini anyklap bolýar. Enelik platada, adatça, mikroprosessor, operatiw huș, dürli șinalar, alyșberșe jogap berýän mikroshemalar, giňeltme höwürtgeleri we portlar ýerleșdirilýär.
Mikroprosessor – bu ýöriteleșdirilen ýarym geçiriji kristalda ornașdyrylan tranzistorlardan ybaratdyr. Kristal kontaktly keramiki gaba ýerleșdirilýär. Mikroprosessor kompýuteriň merkezi hasaplaýyș we dolandyryș elementi bolup durýar. Kompýuterde bar bolan hemme enjamlar mikroprosessora tabyn bolup, onuň buýruklarynyň esasynda ișleýärler.
Häzirki zaman șahsy kompýutere ýokardaky agzalan enjamlardan bașga-da birnäçe goșmaça enjamlar birikdirilýär. Olara mysal edip modemleri, faksmodemleri, skaneri, joýstikleri we ș.m. görkezmek bolar.
ARBAPOW SERDAR
Türkmen oba hojalyk imstitutynyň mugallymy



