Mikroprosessoryň çalt hereketlik ukyby onuň içki enjamlarynyň düzümine, razrýadlygyna we șeýle hem takt ýygylygyna baglydyr. Onuň razrýadlygy we takt ýygylygy näçe uly bolsa, șonça-da kompýuter çalt ișleýär.
Razrýadlylyk – bu mikroprosessoryň kabul edip bilýän bitleriniň sanydyr. Adatça, razrýadlylyk 8-e, 16-a, 32-ä, 64-e deňdir. Pentium-4 diýlip atlandyrylýan prosessory 32 razrýadlydyr. Așakda Intel kompaniýasynyň prosessorlarynyň sanawyny we döredilen ýyllaryny getireliň:Pentium (1993), Pentium Pro (1995), Pentium MMX (1997), Pentium II(1997), Pentium II Xeon (1998), Celeron (Pentium II prosessoryň ýeňilleșdirilen görnüși, 1998), Pentium III (1999), Pentium IV (2000).
Häzirki wagtda bu kompaniýa iki ýadroly Core 2 atly prosessorlary we 4 ýadroly Quad Core atly prosessorlary çykarýar. Şeýle hem i3, i5, i7 prosessorlary hem çykarylyp başlandy.
Șahsy kompýuterleriň esasy häsiýetlendirijisi bolup, onuň iș öndürijiligi we berlenleri saklamak üçin hușunyň möçberi hyzmat edýär. Kompýuterlerde maglumatlar öýjüklerde saklanylýar. Her öýjük birnäçe razrýaddan durýar. Bir razrýada 1 bit diýilýär. Ölçeg birlikleriniň baglanyșygy așakdaky ýalydyr:1 baýt = 8 bit, 1 kilobaýt(kb) = 1024 baýt, 1 megabaýt (mb) = 1024kb, 1 gigabaýt (gb) = 1024 mb, 1 terabaýt (tb) = 1024 gb.
Operatiw ýat – bu kompýuteriň ișläp durýan wagtynda maglumatlary mașynyň hușunda saklamak üçin ulanylýan gurlușdyr.
Ol energiýa garașly bolanlygy sebäpli, kompýuter öçürilenden soň, operatiw hușdaky maglumatlar ýitýär. Häzirki öndürilýän șahsy kompýuterlerde 256MB, 512 MB, 1 GB we ondan hem köp möçberli operatiw huș bolýar.
Häzirki wagtda USB porta çatylýan fleş diskler hem giňden ulanylýar. Fleș diskler köp maglumatlary öz içinde saklap bilýärler.
ARBAPOW SERDAR
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasynyň mugallymy


