Kickstarter platformasynda Prolo Ring atly döwrebap we minimalist dizaýnly ýüzük tanyşdyryldy. Ol adaty kompýuter syçanjygynyň ornuny tutup bilýär. Kompaniýa bu taslama başlandan soň, bary-ýogy dokuz minutda zerur serişdeleri toplady.
Prolo diňe 5 gram agramynda we görkeziji barmaga dakylýar. Içinde sensor panel, 6 okly hereket sensory we goşmaça el üçin sensor bar. Kursory dolandyrmak, sahypany öwürmek, ýakynlaşdyrmak we dürli hereketler – bularyň hemmesini başam barmak arkaly ýerine ýetirip bolýar. Enjam 40-dan gowrak hereketi tanaýar we ulanyjy olary özüne laýyklap sazlap bilýär: penjireleri çalşyrmakdan başlap, çylşyrymly makrolary işe girizmäge çenli.
Taslamanyň amatly taraplary

Taslamanyň awtory Jouy Chengiň aýtmagyna görä, ýüzügi nädip ulanmalydygyny öwrenmek üçin 5 minut gerek bolýar we ýene 15 minutdan soň ulanyjy ony gündelik işlerde aňsatlyk bilen ulanyp biler. Ol: “Gaty gowy, diňe süýşürmek we basmak gerek” diýýär
Gurnama prosesi biraz wagt alýar, ýöne awtor bu prosessiň döredijilik prosesine meňzeşdigini we lezzet berýändigini belleýär.
Enjamyň mümkinçilikleri
Prolo Ring akylly ýüzügi oýun oýnanda, internetde işlände we gündelik kompýuter işleriniň köpüsini ýerine ýetirende syçanjygyň ornuny doly tutup biler. Şeýle-de bolsa, ol 3D modelirlemek, suratlary redaktirlemek ýaly ýokary takyklykly işler üçin amatly däl, onuň kiçi ölçegleri görkezijiniň takyklygyny çäklendirýär.
Enjam islendik ulgama goşmaça programma üpjünçiligi bolmazdan Bluetooth arkaly birikdirilýär. Ol bir sagadyň içinde doly zarýadlanýar. Şeýle-de bolsa, batareýa sekiz sagatlyk iş gününiň ahyryna çenli gutaryp biler. Şonuň üçin toplumda zarýad beriji gap hem bar, ol şaý-sep gutusyna meňzeýär we Prolo Ring akylly ýüzügini 30 güne çenli zarýadlap bilýär.
Allaberdi Töräýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.




