Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşmagy bilen kompýuteri ulanmak gündelik zerurlygymyza öwrüldi. Onda işlenilende ol ýa-da beýleki programmalara degişli işi amala aşyrmak üçin bolsa ýörite guralyň zerurlygy ýüze çykypdyr. Bu gural amerikan oýlap tapyjysy Duglas Engelbart tarapyndan oýlanyp tapylyp,1968-nji ýylyň dekabrynda San-Fransiskoda geçirilen konferensiýada görkezilipdir. Gural kompýuterden üzňe bolsa-da, ondaky işi bellibir aralykdan ýerine ýetirmäge uýgunlaşdyrylypdyr. Bu gural kompýuter syçanjygydyr.
Ilkinji syçanjyk tagtadan ýasalyp, dörtburçluk şekilinde bolupdyr. Onuň üstünde bir düwmejik, aşagynda bolsa guraly herekete getirer ýaly iki tigirçek bolupdyr. Kompýuter bilen birleşdiriler ýaly onuň yz tarapyna sim dakylypdyr we şol görnüş oýlap tapyja guýruklyja syçanjygy ýatladypdyr. Şol sebäpden D.Engelbart syçana meňzeýändigi üçin gurala «syçanjyk» diýen ady beripdir. Bu barada Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň turkmenmetbugat.gov.tm web sahypasynda maglumat berildi.
Ýyllaryň geçmegi, tehnologiýalaryň ösmegi bilen syçanjygyň hem gurluşy üýtgeýär, döwrebap görnüşe eýe bolýar. Ilki-ilkiler syçanjygy päsgelçiliksiz herekete getirýän iki tigirçege dakylan kiçijek topjagaz şekilli gural oturdylypdyr. Ýöne syçanjygyň bu bölegine hapa, tozan üýşüp, ony hereketlendirmek kynlaşypdyr. Şol sebäpden syçanjygy mahal-mahal söküp, arassalamaly bolupdyr.
Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda optiki kompýuter syçanjygy döredilip, onuň düzüminden hereketlendiriji «topjagaz» aýrylypdyr. Şeýlelikde, syçanjygyň gurluşydyr daşky görnüşi has-da amatly ýagdaýa getirilip, işi kämilleşdirilipdir. 2001-nji ýylda bolsa kompýuter bilen syçanjygy birleşdirýän sim hem aradan aýrylyp, has kämil işleýän syçanjyklar döredildi.