Ýapon traktor öndürijisi Kubato, dünýäniň ilkinji wodorod ýangyçly awtonom traktorynyň üstünde işlemegini dowam edýär. Häzirlikçe diňe konsept derejesinde bolan bu enjamyň oba hojalyk pudagynda täze bir döwri başlajakdygy aýdylýar.
Awtoulag bazary soňky döwürlerde elektrik modellerine ünsi jemläpdi. Emma, Volkswagen we Mercedes-Benz ýaly dünýä belli kompaniýalar bu ugurdan yza çekilmäge başladylar. Sebäbi elektrikli awtoulaglar islenilýän derejä gelip bilmedi. Şonuň üçin gibrid ýaly alternatiw çözgütler göz öňünde tutulýar.
Ýapon awtoulag öndürijileri bolsa elektrik tehnologiýasy babatda başyndan bäri seresap bolýarlar. Mysal üçin, Toyota. gibrid ulgamy bolan awtoulaglarda öňdebaryjy bolan Toyota, wodorod ýangyjy bilen işleýän tehnologiýa üns berýär.

Dünýäniň ilkinji wodorod ýangyçly, awtonom traktory bilen tanyşyň:
Kubato geçen aý geçirilen Expo 2025 Osaka Kansai sergisinde möhüm bir täzelik bilen çykyş etdi. Kompaniýa, dünýäniň ilkinji wodorod ýangyçly, awtonom traktorynyň konseptini tanyşdyrdy. Bu traktor oba hojalyk pudagynda täze sahypany açjak ýaly.
Uzynlygy 4,3 metr, ini 2,2 metr we beýikligi hem 2,2 metr bolan bu traktor, 100 at güýjündäki dizel motorly traktor bilen deň güýje eýe. Ýöne doly ýangyç bilen näçe wagt işläp bilýändigini häzirlikçe bilmeýäris. Awtonom gurluşy we wodorod ýangyç ulanmagy bu traktory başgalardan tapawutlandyrýar.
Häzirki wagtda «Autonomous Fuel Cell Tractor» ady bilen tanalýan bu enjam, esasanam awtonom sürüş aýratynlyklary bilen ünsi çekýär. Ösen datçik (sensor) we kameralary bilen enjamlaşdyrylan traktor, uzakdan dolandyryş mümkinçiliklerini hem hödürleýär. Islendik ýerden bu traktory rul we pedal arkaly dolandyrmak mümkin. Şeýle-de, Kubato tarapyndan işlenip düzülen aýratyn programma arkaly traktor doly awtonom ýagdaýda işläp biler.
Bu dünýäniň ilkinji wodorodly, awtonom traktory ilki bilen Ýaponiýada synagdan geçiriler. Soňra bolsa seriýa önümçiligine başlanmagy meýilleşdirilýär. Bu taslama üstünlik gazansa, daýhanlar bu traktorlary elden gidermek islemezler diýse bolar.



