Şwesiýanyň Çalmers Tehnologiýa Uniwersitetiniň we ABŞ-nyň Merilend uniwersitetiniň alymlary pes temperaturany hasaba almak üçin super geçiriji kublary özbaşdak sowadyp bilýän kwant sowadyjysynyň täze görnüşini döretdiler. Bu açyş has ygtybarly kwant kompýuterleriniň ösmegine ýol açýar. Kwant kompýuterleriniň esasy bolan kubitler daşarky täsirlere aşa duýgur. Hatda gowşak elektromagnit päsgelçilik hem hasaplamalarda ýalňyşlyklara sebäp bolup biler. Şeýle ýalňyşlyklary azaltmak üçin kubitler absolýut nola (-273.15°C) ýakyn temperaturada sowadylmalydyr.
Kubitleri 50 millikelwine (-273.1°C) sowatmaga mümkinçilik berýän sowadyjylar şu wagta çenli ulanylýar. Gözlegçiler tarapyndan işlenip düzülen täze kwant sowadyjy, temperaturany 22 millikelwine (-273.128°C) çenli peseldip biler.
“Hasaplamalardan ozal kubitleriň durnuklylygy 99,97%-e ýetdi. Bu, 99,8–99,92%-e ýeten öňki usullaryň öndürijiliginden ep-esli ýokarydyr. Bu kiçijik tapawut ýaly bolup görünse-de, köp hasaplamalar geçirilende möhüm bolýar”-diýip, ylmy barlagyň awtory Aamir Ali belledi. Täze sowadyjy, aşa geçiriji zynjyrlaryň kömegi bilen gurlup, daşky gurşawyň ýylylygy bilen işleýär. Ulgam sowatmagy talap edýän maksatly kubit bilen täsirleşýän iki kwant kubitini öz içine alýar. Kubitleriň biri, energiýa geçirýän ýylylyk howdany hökmünde işleýän gyzgyn gurşawa baglydyr. Ikinji kubit, maksat kubitden ýylylygy sowuk gurşawa geçirmek arkaly sowadylýar.
Enjam daşarky gözegçilik zerurlygy bolmazdan özbaşdak işleýär we yssy we sowuk gurşawyň arasyndaky tebigy temperatura tapawudyny ulanýar. Bu ony diňe bir täsirli bolman, eýsem energiýa tygşytly edýär. Gözlegiň awtory Simone Gasparinetti: “Aslynda bu synagyň, düşünjäniň subutnamasy bolmagyny isledik. Enjamyň öndürijiligi bar bolan kubit sowadyş protokollaryndan has ýokarydygy ýüze çykdy”- diýdi.
Ösüş durnukly we güýçli kwant kompýuterlerini döretmekde möhüm ädimdir. Kubitleri pes temperaturany ýazmak üçin sowatmak ukyby has takyk hasaplamaga gapy açýar.
Bazarbaýewa Dünýä,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



