Witwatersrand uniwersitetiniň fizikleri lazer şöhlelerine we displeýlere esaslanýan kwant hasaplaýyş ulgamyny döretdiler. Bu ylmy iş “APL Photonics” žurnalynda çap edildi.
Kwant ulgamy, nusgawy kompýuterleriň şol bir tizlik we netijelilik bilen ýerine ýetirip bilmeýän amallaryny ýerine ýetirmek üçin kwant mehanikasynyň häsiýetlerini ulanýan hasaplaýyş ulgamydyr.
Alymlar elýeterli komponentleri: lazerleri, sanly displeýleri we ýönekeý linzalary ulandylar. Mundan başga-da, ýagtylygyň optiki enjamlar bilen täsirini we kwant hasaplamasynyň esasyndaky matematiki amallary baglanyşdyrdylar.
Taslamanyň ýolbaşçysy doktor Aýzek Neýp: Dowamly “hawa” ýa-da “ýok” bilen iş salyşýan adaty kompýuterlerden tapawutlylykda, çemeleşmämiz bir wagtyň özünde birnäçe mümkinçiligi gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär, bu hasaplaýyş güýjüni ep-esli ýokarlandyrýar. Ulgamymyz, adaty kompýuterlerde bolşy ýaly, eýýäm iki dereje däl-de, 16 derejeli maglumat bilen işläp biler. Geljekde bu san millionlarça köpelip biler we bu çylşyrymly maglumatlary gaýtadan işlemekde öňegidişlik bolar»-diýip belledi.
Ylmy-barlag topary täze tehnologiýany ulanyp, kompýuteriň işiniň tötänleýin ýa-da öňünden aýdyp boljakdygyny kesgitleýän “Doýça-Ýozy” algoritmini üstünlikli görkezdiler.
Ösüş, optimizasiýa we maşyn öwrenmek pudagynda täze geljegi açýan çylşyrymly kwant algoritmlerini modelirlemek üçin amatlydyr. Indi topar kwant hasaplamasyny has güýçli we elýeterli etmek üçin mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda işleýär.
GOÇMYRADOW DÖWRAN,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti
(oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby