GFR-iň paytagty Berlin şäherinde geçirilen «IFA 2024» sergisinde «Lenovo» şereketi «Auto Twist AI» atly geljegiň noutbugyny hödürledi. Bu barada «gazeta.ru» habar berdi.
Noutbuk dürli aýratynlyklara eye bolar. Onuň ekrany awtomatik açylýar we ulanyjynyň hereketine görä öwrüler. Bu ýagdaý ulanyjynyň ekrany has oňaýly ulanmagyna mümkinçilik berer.
«Auto Twist AI» dürli ýagdaýda ulanylyp bilner. Ol islegiňe görä planşede, noutbuga ses buyrugy arkaly öwrülmäge ukyply bolar. Ulanyjy gurluşdan daşlaşanda, onuň gapagy ýapylar. Şeyle-de bu noutbuk saglyga gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän artykmaçlyklar bilen üpjün ediler.