Ýapon awto brendi Lexus Tokioda geçirilen Japan Mobility Show 2025 halkara sergisine adaty ýol ulaglaryndan başlap, uçýan modellerine çenli dürli görnüşli konsept awtoulaglaryny alyp geldi. Emma bu çärede myhmanlaryň ünsüni özüne çeken model «alty tekerli LS Concept miniweni» boldy. Bu awtoulag Lexus tarapyndan häzire çenli döredilen iň iri modeldir. Awtoulagyň futuristik görnüşi giň öň aýna, iki bölekden ybarat panaramaly ýagtylandyrylan üçek we ikinji hem-de üçünji hatar oturgyçlarynyň penjirelerinde ýerleşdirilen aýratyn «žalýuz» görnüşindäki çözgütler bilen tapawutlanýar. Yzynda ýerleşdirilen dört teker öňki tekerlerden kiçidir.

Täze görkezilen şou-kar «LS» diýlip atlandyrylýar. Lexus bu at bilen 1989-njy ýyldan 2025-nji ýyla çenli, 36 ýyllap meşhur lyuks sedan modelini öndüripdi. Ýöne bu täze konsept-kar bilen öňki LS awtoulagynyň adyndan başga umumylygy ýok. Çünki, birinjiden, täze şou-kar miniwen görnüşinde. Ikinjiden bolsa, onuň alty sany tigiri bar. Bu ýagdaý bolsa ýeňil awtoulaglar üçin örän seýrek ýagdaýdyr.
Lexus bu tehniki çözgüdiň maksadyny entek düşündirmedi.
Mümkin, öndürijiler şeýlelik bilen salonyň giňligini artdyrmak ýa-da agramyň deň paýlanyşyna aýratyn üns bermek islän bolmagam mümkin. Näme bolanda-da, alty tigirli bu miniwen daş keşbi boýunça gaty üýtgeşik görünýär. burçly LED optiki yşyklandyryş ulgamy bilen süýşýän gapylary onuň adaty bolmadyk üýtgeşik görnüşini has-da aýan edýär.
Salonda şturwal görnüşli dolandyryş rul, birnäçe ekrandan ybarat sanly panel ýerleşdirilen. Ikinji hatarda ýatyryp bolýan diwan, üçünji hataryň bezegi bolsa ýörite «business-class» hususy uçarynyň äheňinde ýerine ýetirilipdir. Ýagny, yzky böleginde bolsa, Boeing 777-300ER uçarynyň «business-class» oturgyçlaryny ýada salýan iki hatar giň oturgyç bar.
Lexus häzirki wagtda bu konseptiň hereketlendirijisi, geçiriji ulgamy ýa-da ölçegleri barada hiç hili jikme-jik maglumat bermedi. Ýöne, awtoulagda radiator gözeneginiň we adaty kapotyň ýokdugyny göz öňünde tutsak, onuň elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandygyny çaklamak bolýar. Bu futuristik alty tigirli miniwen köpçülikleýin önümçilige girizilermi, girizilmezmi, entek doly belli däl.



